Habib ýarawsyzlyk zerarly Getji bilen söweşe taýýarlygyny togtatdy

  • 13.09.2020 14:26
  • 24k+

Russiýaly söweşiji Habib Nurmagomedow amerikaly pälwan Jastin Getji bilen boljak söweşiň öňüsyrasynda dişiniň agyrýandygy sebäpli türgenleşigini togtatdy.

Nurmagomedow — Getji duşuşygynyň 24-nji oktýabrda UFC 254 ýaryşynyň çäginde geçirilmegine garaşylýar.

"Taýýarlygym gowy geçip dur. Men eýýäm Abu-Dabä geldim, ýöne heniz türgenleşip bilemok. Dişim agyryp, ýaňagym çişdi. Kakama bagyşlanyp geçirilen ýaryşda hem dişim sebäpli maska ​​geýipdim. Meniň pikirimçe, eýýäm birigün türgenleşigi dowam etdirip başlaryn. Getži bilen söweşe işjeň taýýarlygym iýul aýynda başlanypdy" - diýip, Sport24 Nurmagomedowyň sözlerini getirýär.

Söweşiji mundan beýläkki karýerasy barada-da şeýle diýdi:

"Adamlaryň ýeňişlerimden eýýäm ýadandyklaryna düşünýärin. Bedenim söweşmäge ýarasa, karýeramy tamamlamak barada pikir etmerin. Entek-entekler bäsleşip, öz agramymda iň gowusy bolmagy, agyr ýüklere çydamagy başarjadygymy duýýaryn".

Nurmagomedow garyşyk söweş sungatynda 28 gezek söweşip, olaryň hemmesinde ýeňiş gazandy. 31 ýaşly Getjide bolsa 22 ýeňiş we iki ýeňliş bar.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
Nurmagomedow 35 ýaşdan soň ringe çykmaz.

şu gün 16:27
30

Dana Uaýt Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynyň biletleriniň mugt boljakdygyny aýtdy

Ultimate Fighting Championship (UFC) promouşeniniň prezidenti Dana Uaýt 14-nji iýundan 15-nji iýuna geçilýän gije ABŞ-nyň Prezidentiniň resmi rezidensiýasynyň çäginde geçiriljek UFC ýaryşynyň bilet syýasaty barada maglumat berdi...

şu gün 13:04
1.6k+

Ýewropa we Konferensiýa ligalarynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşyklary geçdi

Öten agşam UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň 1/8 finalynyň birinji duşuşyklary geçirildi. Iki ýaryşyň hem jogap oýunlary 20-nji marta geçilýän gije oýnalar. Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji...

şu gün 12:13
2.3k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...

şu gün 09:25
3.4k+

«Arkadag» topary yzygider ikinji ýyl TFF-iň Kubogynyň eýesi boldy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň aýgytlaýjy oýny geçirildi. Duşuşykda «Arkadag» topary yzygider ikinji gezek Kubogy almagy başardy diýip, TFF-iň metbugat gullugy habar berýär...