Xiaomi ýarym sagadyň içinde 10 müňden gowrak Poco X3 NFC smartfonuny satdy

  • 13.09.2020 10:51
  • 13k+

Xiaomi kompaniýasynyň metbugat gullugy, 7-nji sentýabrda hödürlenen Poco X3 NFC täze smartfony AliExpress-de kompaniýanyň resmi dükanynda söwda başlanandan soň, bary-ýogy 30 minutyň içinde 10 müňden gowrak smartfonuň satylandygyny habar berýär. Muny news.newnn.ru ýetirýär.

Ýöne bu heniz doly statistika däl, sebäbi smartfon Mi.com saýtynda, Banggood, Gearbest internet dükanlarynda, Amazon-yň sebit şahamçalarynda, Belsimpel golland internet-dükanynda, şeýle-de Günorta-Gündogar Aziýanyň Shopee iri söwda portalynda hem hödürlenilýär.
Poco X3 NFC smartfonunyň enjam shemasy Qualcomm-dan Snapdragon 732G mobil çipsetiniň esasynda işleýär. IPS-tehnologiýasy boýunça taýýarlanan ekran paneli 2400 x 1080 piksel ygtyýarlygy we 120 Gs täzelenme ýygylygyny üpjün edýär. Selfi-kamera 20 MP optiki enjam bilen üpjün edilen, yz tarapynda 64 MP Sony IMX682 esasy modully dört kamera oturdylan. Gajeti 5160 mA/sag sygymly batareýa energiýa bilen üpjün edýär, ol 33 Wt çalt zarýadlanmany hem göterýär.

düýn 15:59
728

OpenAI we Google modelleriniň hytaýly bäsdeşi bolan DeepSeek V4 neýroulgamy çykdy

DeepSeek kompaniýasy özüniň täze uly dil modeli bolan V4-üň deslapky wersiýasyny çykardy. Ol beýleki modeller üçin ýokary öndürijilikli we tygşytly bäsdeş hökmünde görkezilýär....

düýn 15:13
1.7k+

Samsung «Galaxy Buds» gulaklyklary üçin konserwa bankalary görnüşindäki çehollary tanyşdyrdy

Samsung kompaniýasy Galaxy Buds gulaklyklarynyň zarýad beriji keýsleri üçin özboluşly gorag çehollarynyň seriýasyny çykardy. Olar iýmit önümleri salynýan bankalar görnüşinde dizaýn edildi....

düýn 11:38
2k+

Emeli aň az öwrenilen dillerde has gowy işläp başlady

Häzirki zaman emeli aň modelleri seýrek duş gelýän we az öwrenilen diller bilen işlemegi ep-esli gowulandyrdylar. Bu barada TechRadar neşiri RWS kompaniýasynyň geçiren barlagyna salgylanyp habar berýär....

düýn 08:07
1.7k+

ChatGPT ulanyjylaryny ýitirýär: olar Gemini we Claude-a geçýärler

Bäsdeşlik gurşawynyň güýçlenmegi bilen «ChatGPT» çat-botunyň meşhurlygy kem-kemden azalýar. Ulanyjylar emeli aňyň alternatiw hyzmatlary bolan «Gemini» we «Claude» ýaly platformalara geçip başladylar....