Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlanyldy

  • 12.09.2020 17:30
  • 8.5k+

Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň taslamasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenildi.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda bellenilişi ýaly, bu maksatnama degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.
Ýakyn ýyllarda himiýa ylmynyň we täze himiýa tehnologiýalaryň üsti bilen ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny işläp düzmek boýunça yzygiderli işleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýaş alymlary taýýarlamak, dünýäniň belli ylmy-barlag merkezleri bilen özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, häzirki zaman şertlerinde uly islege eýe bolan täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak meselelerine ilkinji derejeli üns berilmelidir, şolaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli hem-de bäsdeşlige ukyply, diňe bir içerki bazarda däl-de, dünýä bazarynda-da uly islege eýe bolan önümleriň önümçiligini yzygiderli giňeltmäge hem-de görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.

şu gün 00:14
400

Beýik Britaniýada gämiler üçin suwda ýüzýän wodorod elektrik stansiýasy synagdan geçirildi

Britaniýanyň deňiz konsorsiumy kenarýaka infrastruktura birikdirilmezden, portda duran ýerinde gämileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen, suwda ýüzýän elektrik stansiýasynyň täze nesli......

düýn 23:06
904

Fransiýada ganaty ýel berlip çişirilen uçarmansyz uçar synagdan geçirildi

Fransiýanyň Celeste Ecoflyers kompaniýasy adaty gaty materialyň deregine çişirilen dokma ganat ulanylan dAS10 ýük ucarmansyz uçarynyň ilkinji uçuş synaglaryny geçirdi....

düýn 20:46
1.8k+

Italiýa elektrik togunyň ölçeg birliginiň adyny üýtgetmegi teklip edýär

Italiýanyň Hökümeti elektrik naprýaženiýesiniň halkara ölçeg birliginiň adyny «woltdan» «wolta» diýip üýtgetmek başlangyjy bilen çykyş etdi....

düýn 12:47
4.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......