Ulaglarda ýolagçylaryň we ekipažlaryň ätiýaçlandyryş goragy boýunça Düzgünnama tassyklanyldy

  • 12.09.2020 07:19
  • 18k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalarynyň we demir ýol ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.

Degişli resminama Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çekdi.
Bu Karar Türkmenistanyň Howa kodeksine, Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine, “Awtomobil ulagy hakyndaky”, “Demir ýol ulagy hakyndaky” we “Ätiýaçlandyryş hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, hökmany döwlet ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek hem-de ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylaryny, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalaryny we demir ýol ulaglarynyň işgärlerini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy bilen ylalaşyp, Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalarynyň we demir ýol ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlyk gorlaryny emele getirmegiň we harçlamagyň Tertibini bellenen tertipde tassyklar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda çykaran 1646-njy Permanynyň käbir böleklerini güýjüni ýitiren diýip ykrar edildi.

düýn 22:54
653

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......