«Forbes» iň baý amerikanlaryň sanawyny neşir etdi

  • 10.09.2020 17:37
  • 14k+

Amazon iri onlaýn-reteýleriniň ýolbaşçysy Jeff Bezos $179 mlrd möçberindäki baýlygy bilen bassyr üçünji ýyl “Forbes” žurnalynyň hasaby boýunça ABŞ-nyň iň baý raýatlarynyň her ýylky reýtingini esaslandyrdy. Bu barada news.ru habar berýär.

Amazon-yň 56 ýaşly ýolbaşçysynyň yzyndan Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjylaryň biri Bill Geýts ($111 mlrd) ýerleşdi. Facebook kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg $85 mlrd bilen üçünji boldy. Onuň yzyndan maýa goýujy Uorren Baffet ($73,5 mlrd) we Oracle korporasiýasyny esaslandyryjylaryň we ýolbaşçylaryň biri Larri Ellison ($72 mlrd) gelýär.
Iň baý amerikanlaryň onlugyndan Microsoft korporasiýasynyň eks-ýolbaşçysy Stiw Balmer ($69 mlrd), işewür we oýlap tapyjy Ilon Mask ($68 mlrd), Google korporasiýasyny esaslandyryjylar Larri Peýj ($67,5 mlrd) bilen Sergeý Brin ($65,7 mlrd), Walmart iri söwda toruny döredijiniň gyzy Elis Uolton ($62,3 mlrd) hem ýer aldy.
Sanawa gatnaşýanlaryň jemi baýlygy bu ýylda 3,2 trillion dollara ýetdi, bu geçen ýylyň reýtingindäkä garanda 240 milliard dollar köpdür.
Neşiriň hasaplamasy boýunça, 2020-nji ýylyň 25-nji awgustyndan Bezosyň “arassa bahasy” rekord 199,7 milliarda ýetdi. Neşir Bezosyň “tehnologiýa ägirdinde uly paýa eýe bolýandygy üçin, paýnamalaryň bahalarynyň hatda kiçiräk üýtgeşmesiniň hem onuň baýlygynyň üstüne milliardy goşup ýa-da aýryp biljekdigini” belleýär.

şu gün 21:59
213

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

düýn 10:45
3.3k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

düýn 09:49
2k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

19.06.2026 14:20
2.8k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....