Apple eýýäm şu hepde iPhone 12-niň çykjak senesini aýdar

  • 08.09.2020 22:11
  • 12k+

“Bloomberg-iň" habarçysy Mark Gurman öz twitterinde Apple-iň hepdäniň ahyryna çenli täze smartfonlarynyň tanyşdyryljak senesini yglan etjekdigini aýtdy. Bu barada hi-tech.mail.ru habar berýär.

Eýsem, iPhone 12 haýsy senede tanyşdyrdylarka?
Kompaniýa güýz tanyşdyrylyşyny, adatça, dabaradan birki hepde öň yglan edýär. Şeýlelikde, täze smartfonlar sentýabryň ahyrynda tanyşdyrdylar diýip bolar.
Şeýle hem, Jon Prosseriň "içerki" çeşme hökmünde berýän maglumatlaryna görä, Apple şu hepde beýleki enjamlaryny - “iPad” we “Apple Watch Series 6” ýaly täzeliklerini ýüzleý tanyşdyrar. Kompaniýa muny ýaýlyma bermez. Täze zatlar dessine onlaýn dükana çykarylar we metbugat beýanatlary çap ediler. Bu enjamlar 8-nji sentýabrda - eýýäm şu gün agşam tanyşdyrylyp bilner.
IPhone 12 ugry barada eýýäm ýeterlik maglumat bar. Kompaniýanyň birbada dört modeli taýýarlaýandygy mälim - 5,4 dýuým ekranly iň arzan we iň kiçi iPhone 12-den başlap, 6,7 dýuým ekranly iň uly 12 Pro Max-a çenli.

düýn 14:34
3k+

Apple gyralary egreldilen iPhone taýýarlaýar

Apple korporasiýasy gyralary biraz egreldilen innowasion ekranly smartfony tanyşdyrmagy meýilleşdirýär....

düýn 10:59
3.5k+

Infinix dünýäde ilkinji suw bilen sowadylýan smartfony çykardy

Infinix kompaniýasy dünýäde ilkinji suw sowadyjy ulgamly GT 50 Pro smartfony bilen tanyşdyrdy....

27.04.2026 15:59
901

OpenAI we Google modelleriniň hytaýly bäsdeşi bolan DeepSeek V4 neýroulgamy çykdy

DeepSeek kompaniýasy özüniň täze uly dil modeli bolan V4-üň deslapky wersiýasyny çykardy. Ol beýleki modeller üçin ýokary öndürijilikli we tygşytly bäsdeş hökmünde görkezilýär....

27.04.2026 15:13
2.1k+

Samsung «Galaxy Buds» gulaklyklary üçin konserwa bankalary görnüşindäki çehollary tanyşdyrdy

Samsung kompaniýasy Galaxy Buds gulaklyklarynyň zarýad beriji keýsleri üçin özboluşly gorag çehollarynyň seriýasyny çykardy. Olar iýmit önümleri salynýan bankalar görnüşinde dizaýn edildi....