Türkmenistan Hyzmatdaşlyk we syýahatçylygy ösdürmek boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

  • 06.09.2020 18:28
  • 13k+

Türkmenistanyň HHR-daky ilçisi Parahat Durdyýew bilen söwda wekili Ş.Batyrow Hytaýyň hyzmatlar söwdasy – 2020 halkara ýarmarkasynyň (CIFTIS-2020) meýdançasynda geçirilen Hyzmatdaşlyk we syýahatçylygy ösdürmek boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdylar. Foruma gatnaşmaga çakylyk syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasyndan (WTCF) gelip gowuşdy, Aşgabat şu ýylyň maý aýynda bu gurama agza boldy.

CIFTIS-2020 sanly ulgamda hem hereket edip, oňa gatnaşýan kärhanalaryň wirtual sergi zallary we portallary bar, dürli maglumatlar gullugy berilýär, onlaýn-maslahatlary geçirmek üçin şertler döredilen.
Hyzmatdaşlyk we syýahatçylygy ösdürmek boýunça bütindünýä maslahatynyň işine BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO), ŞHG-niň we SŞBG-nyň wekilleri, Pekiniň wise-meri, Türkmenistandan, Kolumbiýadan, Gruziýadan diplomatlar, hyzmatlar, şol sanda sanly hyzmatlar ulgamynda işleýän dürli kompaniýalaryň prezidentleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň ilçisi forumyň syýahatçylyk pudagyna maýa goýumlaryna we onuň diwersifikasiýasyna bagyşlanan jemleýji mejlisinde çykyş etdi, şeýle hem şertnamalara gol çekmek dabarasynyň hormatly myhmany boldy.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň ilçisiniň WTCF-niň baş sekretary Çen Dong bilen duşuşygy boldy, onda özara gatnaşyklaryň geljegi we ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň hem gurama girmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Parahat Durdyýew jenap Çen Donga Türkmenistanyň Prezidentiniň hytaý dilinde neşir edilen “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabyny sowgat hökmünde gowşurdy.

düýn 16:40
1.8k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.2k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....