Türkmenistan Hazaryň kenar ýakasynyň ýapylmagynyň möhletini uzaltdy

  • 05.09.2020 00:10
  • 25k+

Türkmenistan dünýäde we sebitde emele gelen durnuksyz epidemiologik ýagdaý sebäpli raýatlaryň Awaza milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagy, şeýle hem Hazar deňziniň kenar ýakalarynda suwa düşmek bilen baglanyşykly çäklendirmeleri 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli uzaltdy. Bu barada ORIENT habar berýär.

Ondan öň, Türkmenistanyň çägine täze görnüşli koronawirusyň getirilmeginiň we keseliň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, raýatlaryň Awaza milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagy we Hazar kenar ýakalarynda suwa düşmegi şu ýylyň 15-nji maýyndan 31-nji awgustyna çenli çäklendirilipdi.

düýn 16:40
1.8k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.2k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....