Türkmenistanyň we Italiýanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler

  • 04.09.2020 13:24
  • 6k+

3-nji sentýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serjio Mattarella hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny anyklaşdyryp, söwda-ykdysady ulgamy şolaryň hatarynda görkezdiler.
Geçen ýyl Italiýa ýurdumyzyň daşary söwdasynda 3-nji orny eýeledi. Şunda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy bir ýarym milliard amerikan dollaryndan gowraga barabar boldy. Häzirki wagtda Italiýanyň türkmen önümleriniň eksporty boýunça hyzmatdaşlaryň sanawynda ikinji orny eýeleýändigi bellärliklidir.
Nebiti we gazy gaýtadan işleýän pudaklarda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýene-de bir geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen bir hatarda, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde beýleki bir meşhur italýan kompaniýasy — “Leonardo” kompaniýasy bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.
Geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň hatarynda Türkmenistanda Gün batareýalary üçin panelleri çykarýan kärhanany, keramiki önümleri öndürýän önümçiligi döretmek, döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ýüňi gaýtadan işlemegi ýola goýmak ýaly taslamalar bar.
Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Serjio Mattarella ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselesine aýratyn üns berdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ugry boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine degip, ýurdumyzda italýan diliniň öwrenilmegine uly üns berilýändigini belledi, häzirki wagtda bu dil iki ýokary okuw mekdebinde ulgamlaýyn esasda öwredilýär.
Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda ugurdaş bölüm ýene bir ýokary okuw mekdebinde — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda açyldy. Mundan başga-da, şu okuw ýylynda italýan dili Aşgabadyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň birinde okadylyp başlanyldy.
Şonuň bilen birlikde, durmuş ulgamynda, hususan-da, saglygy goraýyş we derman senagaty boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlyk beýan edildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin türkmen-italýan işewürler geňeşini ýa-da degişli Iş toparyny döretmegi, şeýle hem her ýyl Türkmenistanda Italiýanyň ykdysadyýetiniň gününi geçirmegi we Milan şäherinde ýurdumyzyň söwda wekilhanasyny açmagy teklip etdi.
Milli Liderimiz ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň toplanylan oňyn tejribesinden ugur alyp, “Türkmenistan — Italiýa” Medeni hyzmatdaşlygy esaslandyrmagyň maksada-laýyk boljakdygyny belledi, ol bilim, ylym we medeniýet ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin hemişelik hereket edýän gurama hökmünde hyzmat edip biler.
Döwlet Baştutanymyz italýan kärdeşini özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

şu gün 15:38
883

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....

şu gün 14:38
980

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....

şu gün 14:19
732

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

düýn 18:14
2.3k+

SpaceX birža çykmak üçin arza tabşyrdy: Mask tiz wagtdan trillioner bolup biler

SpaceX kompaniýasy öz paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi taýdan arza berdi. Bu IPO-nyň Woll-strit taryhynda iň uly taslama bolmagyna we Ilon Maskyň baýlygyny ep-esli artdyrmagyna......