77-nji Wenesiýa film festiwaly açyldy

  • 04.09.2020 14:38
  • 3.6k+

77-nji Wenesiýa film festiwaly açyldy. Munuň özi pandemiýa başlaly bäri, kino äleminiň dünýä derejesindäki ilkinji wakasy boldy. Bu barada Euronews habar berýär.

Dünýäniň iň gadymy film görkezilişini öz içine alýan Biennale direksiýasy koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly dörän ýagdaýlara seretmezden, däp bolan formatdan ýüz öwürmedi we çäräni onlaýn ýagdaýda geçirmedi.

"Biz öýden çykmaly, kinoteatra gitmeli, ýene-de gowy filmleri düşürmeli. Kinematograf mundan artyk karantinde oturyp bilmez. Zerur bolan ähli howpsuzlyk çärelerini görüp, baryny täzeden başlamaly we muny mümkin zada öwürmeli" diýip, Wenesiýa film festiwalynyň direktory Alberto Barbera belleýär.

Şu ýyl festiwalda “Altyn ýolbars” baýragy ugrunda 18 film bäsleşer, olaryň arasynda kino sungatynyň tanymal şahsyýetleri Andreý Konçalowskiý, Janfranko Rozi, Kornel Mundrutso, Majid Majidi dagynyň hem döredijilik işleri bar. Ýaryşdan daşary, festiwala gatnaşyjylar Pedro Almodowaryň täze filmi görkeziler. Foruma 50 ýurtdan jemi 65 film gatnaşar. Halkara emin agzalaryna meşhur awstraliýaly aktrisa Keýt Blanşet başlyklyk eder.
Tomaşaçylaryň arasynda howpsuz aralygy üpjün etmek maksady bilen, ähli zallardaky oturgyçlaryň sany azaldyldy. Myhmanlar teatrlarda-da, daşarda-da örtük ​​geýmeli edildi. Girelgede her kimiň temperaturasy ölçelýär. Emma Barbera bu çärelere ýakyn wagtda öwrenişilip, adamlaryň, öňküleri ýaly, kinodan lezzet alyp biljekdigine ynanýar.
Festiwal 12-nji sentýabra çenli dowam eder.

düýn 11:50
4.5k+

Içi görünýän köwüşler — 2026-njy ýylyň täze trendi

2026-njy ýylyň ýaz-tomus möwsüminde 90-njy ýyllarda ýoň bolan içi görülýän köwüşler moda görä geýinmegiň baş alamatlarynyň biri bolar. Şunlukda köwüşleriň häzirki zaman materiallary bilen utgaşdyrylan sypaýy görnüşleri ýene-de moda dünýäsine gaýdyp geler...

26.02.2026 05:32
2.6k+

Alýumin bägül, goňur wafli... Jacquemus we Nike üýtgeşik reňkli krossowkalary hödürleýär

Jacquemus we Nike brendleri bahar möwsümi üçin Jacquemus x Nike Moon Shoe SP krossowkalarynyň täze reňklerini çykardy. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär. Aýakgabyň dizaýny 1972-nji ýylyň taryhy modeline esaslanýar...

25.02.2026 21:05
3k+

«Moda — bu sungat»: Met Gala 2026-nyň dress-kody yglan edildi

Metropoliten-muzeýi Met Gala 2026 haýyr-sahawat balynyň mowzugynyň «Moda — bu sungat» diýlip atlandyrylýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Vogue neşiriniň habar bermegine görä, çäre 4-nji maýda Nýu-Ýorkdaky (ABŞ) Condé Nast Galleries giňişliginde geçiriler...

25.02.2026 08:47
1.9k+

El hünäri il gezer: Loewe lýuks moda öýi 5100 senetçiniň içinden iň ussatlaryny saýlaýar

Ispaniýanyň Loewe lýuks moda öýi häzirkizaman senetçiligi ugrunda berilýän Loewe Craft Prize baýragynyň final tapgyryna çykan dalaşgärleriň adyny yglan etdi. Dünýäniň 133 ýurdundan we sebitinden gelip gowşan 5 100-den gowrak dalaşgäriň arasyndan 19 döwlete we sebite wekilçilik edýän iň ökde 30 senetkär saýlanyp alyndy...