Türkmenistanda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişi başlandy

  • 03.09.2020 15:24
  • 3.9k+

2-nji sentýabrda Türkmenistanda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine başlandy. Möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.

Ýurdumyzyň bugdaý meýdany 690 müň gektar ýeri eýelär. Babadaýhanlar şonça meýdandan 2021-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda — 400 müň, Mary welaýatynda — 345 müň, Lebap welaýatynda —310 müň, Daşoguz welaýatynda — 265 müň we Balkan welaýatynda — 80 müň tonna däne ýygnap almagy maksat edinýärler.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde habar berlişi ýaly, şu möwsümde Türkmenistan boýunça «John Deere», «CLAAS», «Case», «Belarus-80H» we «Belarus-82.1» kysymly ýer sürüji traktorlaryň 2 müň 583-si hem-de hatar aralaryny ýumşadýan traktorlaryň 7 müň 605-si, şeýle hem ekijileriň, enjamlaryň 1723-si we daýhanlaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanylar.
Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli ýerlerde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi.

şu gün 10:10
287

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

şu gün 09:29
499

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

düýn 22:06
631

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

düýn 20:58
6.2k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....