Ispaniýa barýan syýahatçylaryň sany 75% pese gaçdy

  • 02.09.2020 19:28
  • 4.7k+

Ispaniýa barýan daşary ýurtly syýahatçylaryň sany serhetleriň açylandygyna garamazdan, iýulda geçen ýylyň şu aýy bilen deňeşdirilende 75% pese gaçdy. Bu barada “Daily Star” neşirine salgylanmak bilen inc-news.ru habar berýär.

“Iýulda syýahatçylaryň çykdajylary bolsa 2019-njy ýylyň iýuly bilen deňeşdirilende tas 80% azaldy. Syýahatçy başyna çykdajynyň ortaça bahasy 17,8% peseldi” – diýip, neşir ýazýar.

Şeýle-de, iýulda myhmanhanalary bronlap goýmagyň sany hem 73,4%, beýleki ýerleşilýän ýerleriňki – tas 50% kemeldi. Ispaniýa daşary ýurtlular üçin serhetini 21-nji iýunda açdy. Syýahatçylykdan gelýän girdeji ýurt üçin örän möhüm, ol ýurduň jemi içerki önüminiň 12%-ini tutýar. Ispaniýa dünýäde syýahatçylaryň iň köp barýan ýurtlarynyň arasynda ikinji orny eýeleýär.
Serhetler açylandan soň, ýurtda COVID-19-yň täze ýaýrawlary bellige alnyp başlandy, şol sebäpli birnäçe ýurtlar ol ýerden dolanyp gelýän raýatlar üçin çäklendirmeleri girizdi.
Muňa garamazdan, iýun bilen deňeşdirilende iýulda Ispaniýanyň myhmanlarynyň sany 12 esse, syýahatçylaryň çykdajylary 18 esse ýokarlandy. Iýulda Ispaniýa syýahatçylaryň köpüsi Fransiýadan, Germaniýadan we Beýik Britaniýadan geldi. Syýahatçylar, esasan, Balear adasyna, Kataloniýa we Walensiýa bardylar.

şu gün 20:32
583

Biedep syýahatçylar sebäpli ýapon şäherinde sakura güllese-de festiwal geçirilmez

Ýaponiýanyň Fudzi dagynyň golaýynda ýerleşýän Fudziýosida şäheriniň häkimiýetleri, syýahatçylaryň sanynyň çendenaşa artmagy we olaryň tertipsiz hereketleri sebäpli, sakuranyň güllemegi mynasybetli şu ýylky geçirilmeli festiwaly ýatyrmak barada karara geldiler...

04.02.2026 14:55
13k+

Saud Arabystanynda iniňi tikenekledýän seýilgäh açyldy

Saud Arabystanynda Six Flags Qiddiya City tematik seýilgähi resmi ýagdaýda açyldy. Seýilgähde jemi 28 sany attraksion bar, olaryňam üçüsi gönümel rekordlar taryhyna girdi. Attraksionlaryň naýbaşysy Falcons Flight dünýäniň iň beýik, iň uzyn we iň tiz amerikan amerikan demirýol depejigi (roller coaster) boldy...

04.02.2026 12:04
9.3k+

Uelsde adam-garasyz adada ýaşajaklara iş hödürlenýär: bar etmelisi – guş sanamaly

Uelsiň Skomer adasynda mugt ýaşamak hödürlenilýär. Teklibe razy bolan adamlar esasan deňiz guşlarynyň, şol sanda seýrek duş gelýän Fratercula arctica guşlarynyň sanawyny ýöretmeli diýip, Bi-bi-si habar berýär. Maksatnamany Günorta we Günbatar Uelsiň ýabany tebigat gaznasy (WTSWW) guraýar...

03.02.2026 21:28
4.4k+

Rimde Trewi çüwdürimine teňňe oklamak tölegli boldy

Rimde Trewi çüwdüriminiň golaýyna barmak üçin töleg girizildi. Indi çüwdürimiň ýakynynda durmak we oňa şaýlyk pul taşlamak isleýän syýahatçylar 2 ýewro tölemeli bolarlar. Şäher häkimiýetleriniň habar bermegine görä, bu çäre syýahatçylygyň şähere salýan agramyny azaltmaga we taryhy ýadygärligi saklamak üçin serişde toplamaga gönükdirilendir...