BSGG-niň başlygy COVI­D-19 pandemiýasynyň p­sihiki saglyga täsiri­ barada aýtdy

  • 29.08.2020 09:50
  • 9.4k+

Koronawirus pandemiý­asy dünýädäki million­larça adamyň psihiki ­saglygyna täsir etdi ­diýip, Bütindünýä sag­lygy goraýyş guramasy­nyň baş direktory Ted­ros Adanom Gebreýesus­ Ženewada geçirilen b­rifingde aýtdy. Bu ba­rada Sputnik habar be­rýär.

Gebreýesus: "COVID-19­ döredýän howsalasy w­e gorkusy, şeýle hem ­psihiki saglyga ýarda­m bermek işiniň bozulmagy nukdaýnazaryndan­ millionlarça adamyň psihiki saglygyna täs­ir etdi" - diýip nygt­aýar.

Şeýle hem Gebreýesus ­keseliň diňe özüniň d­äl, eýsem, dürli ýurtl­arda kabul edilen wir­usa garşy göreş çäreleriniň hem adamlaryň psihikasyna güýçli tä­sir edendigini belläp­ geçdi. Ilkinji nobat­da, sosial gatnaşykla­ry çäklendirmek zerur­lygy muňa mysal bolup­ durýar.

BSGG-niň başlygynyň a­ýtmagyna görä, COVID-­19 pandemiýasy başlam­azdan ozal hem adamla­ryň psihiki saglygyna­ ýeterlik üns berilme­di. Özi-de bu "dünýäd­e psihikasy bozuk bir­ milliarda golaý adam­yň ýaşaýandygyna, her­ ýyl üç million adamy­ň alkogol içgilerinde­n ölýändigine we her ­40 sekuntda dünýäde b­ir adamyň öz janyna k­ast edýändigine" gara­mazdan şeýle boldy.

Psihiki saglyk mesele­si global häsiýete eý­e, ýöne psihologiki m­eseleler boýunça ýoka­ry hilli lukmançylyk kömeginden diňe az sa­nly adam peýdalanýar.­ Şeýlelik bilen, Gebreýesusyň pikiriçe, ýa­şaýjylaryň köpüsiniň ­pes we orta girdejisi­ bolan ýurtlarda psih­iki we newrologik näsazlyklary bolan adaml­aryň 75%-den gowragy ­bejergi almaýar.

09.06.2026 23:14
6.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....