«Belawia» Aşgabada uçuşlaryny togtatmagynyň möhletini uzaltdy

  • 28.08.2020 15:02
  • 20k+

Belarus awiagatnadyjysy «Belawia» Türkmenistana uçuşlaryny bes etmeginiň möhletini 30-njy sentýabra çenli uzaltdy, diýip awiakompaniýanyň saýtynda habar berilýär.

«Belawia-nyň» uçarlary 14-nji sentýabra çenli Russiýa (Woroneže, Kazana, Nižniý Nowgoroda uçuşlar 24-nji oktýabra çenli togtadyldy), 6-njy sentýabra çenli Riga we 30-njy sentýabra çenli Gruziýa uçuşlaryny amala aşyrmaz.
Awiakompaniýa müşderilerine serişdelerini yzyna gaýtaryp almak üçin arza bermegi ýa-da uçuşlaryny 2021-nji ýylyň 30-njy martyna süýşürmegi teklip edýär.

düýn 16:40
1.8k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.2k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....