Türkmenistan BMG bilen pandemiýa garşy göreşde gazanylan netijeleri maslahatlaşdy

  • 28.08.2020 09:49
  • 10k+

Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň Bilelikdäki iş toparynyň onlaýn görnüşde COVID-19-yň sosial-ykdysady täsirleri boýunça 3-nji mejlisi geçdi. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň metbugat-relizinde habar berilýär.

Mejlisiň gün tertibi Prezidentiň şu ýylyň 3-nji iýulyndaky Karary bilen kabul edilen ýiti ýokanç keseline garşy hereket boýunça Türkmenistanda tiz sosial-ykdysady çäreleriň Meýilnamasynyň çäklerinde ýetilen ösüşi maslahatlaşmaga gönükdirildi.
Duşuşykda Meýilnamanyň Covid-19-a tiz sosial-ykdysady täsir etme boýunça BMG-niň Global ýolbaşçylygyna laýyklykda işlenilip düzülendigi we 2019-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň sosial-ykdysady ösüşiniň Milli maksatnamasy ýaly ösüşiň esasy Milli maksatnamalary bilen utgaşdyrylandygy bellenildi. Meýilnama pandemiýanyň sosial-ykdysady netijeleriniň öňüni almak üçin ilatyň has gowşak toparlaryna we ykdysady pudaklara kömek bermäge gönükdirilen.
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri Meýilnamany durmuşa geçirmek boýunça häzirki wagta çenli amal edilen çäreleri atlandyrdylar: azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, bileleşik derejesinde jemgyýetçilik hyzmatlaryny ornaşdyrmak, kiçi we orta biznesler üçin karzlary tölemek boýunça möhletleri uzaltmak, sanly töleg ulgamlaryny işjeňleşdirmek, kiçi we orta kärhanalaryň onlaýn-bellige alnyşyny girizmek we beýlekiler.
BMG-niň agentligi gatnaşyjylara Meýilnamany durmuşa geçirmekde ýardam etmek boýunça özüniň işi barada habar berdi. BMG-niň Türkmenistandaky toparynyň Meýilnamany durmuşa geçirmek üçin goşmaça pul serişdelerini toplamak maksady bilen BMG-niň ulgamynyň hemme taraplaýyn başlangyçlaryna gatnaşmak boýunça işe başlandygy bellenildi. 
BMG-niň Ösüş Maksatnamasy BMG tarapyndan tehniki utgaşdyryjy hökmünde Meýilnamanyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek üçin monitoring ulgamyny işläp taýýarlamagy teklip etdi.

 

düýn 12:06
8.2k+

Semizlik ösen ýurtlarda azaldy, garyp ýurtlarda bolsa artdy. Sebäbi?

Dünýäniň 200 sany ýurdunda geçirilen täze barlag baý we ösen döwletlerde semizligiň azalandygyny, emma garyp hem-de ösüp barýan ýurtlarda bolsa bu görkezijiniň tersine, örän çalt artýandygyny ýüze çykardy....

18.05.2026 14:46
4.7k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
6.2k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.9k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......