Russiýa girmek üçin lukmançylyk güwanamasy zerur

  • 23.08.2020 16:03
  • 18k+

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy öz web sahypasynda RF-e gidýän uçara münülende, şol sanda üstaşyr geçmekçi bolnanda, ýanyňda COVID-19 üçin PCR laboratoriýa synagynyň otrisatel netijesini tassyklaýan lukmançylyk resminamasynyň bolmalydygyny habar berýär. Güwanama Russiýa Federasiýasyna gelmänkäň, üç gün öňünden giç bolmadyk senede alnan bolmalydyr.

Ilçihana lukmançylyk güwanamasynyň ilçihananyň web sahypasyndan ýükläp alyp bolýan nusgalara laýyklykda rus ýa-da iňlis dilinde bolmalydygyna üns berilmegini haýyş edýär. Şeýle hem lukmançylyk resminamasyz ýa-da kesgitlenen nusga gabat gelmeýän resminama görkezen şahslara uçara münmäge rugsat berilmeýär diýip, Ilçihana duýdurýar.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

düýn 21:10
2.9k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

düýn 09:43
8.1k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

04.05.2026 12:44
6k+

Şu hepde howa +39°С-a çenli yssy we az-kem ygally bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde üçin howa maglumatyny hödürledi. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, bir hepdäniň dowamynda ygal mukdary 6,0 mm-den köp......

01.05.2026 18:30
12k+

«Ermak» Germaniýada 50 brendiň arasynda birinji orny eýeledi!

Özbegistanyň «Ermak» brendi dünýä bazarynda ornuny berkitmegini we gerimini barha giňeltmegini dowam edýär....