Russiýanyň daşary ýurtly talyplary iki hepdelik karantin geçerler

  • 20.08.2020 23:02
  • 11k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtly talyplaryna diňe 14 günlük karantinden we täze koronawirus ýokanjy üçin barlaglary tabşyrandan soň okamaga rugsat berler. Interfaks habar gullugynyň bellemegine görä, bu çözgüt Russiýa Federasiýasynyň Bilim we ylym ministrligi tarapyndan kabul edildi.

Daşary ýurtlulary okuwa kabul etmegiň ikinji şerti — olaryň ýurdunyň Russiýa bilen serhedi açyk bolmaly.
Olaryň döwletleri bilen halkara aragatnaşygyň çäklendirilen ýagdaýynda, çäklendirme ýatyrylýança, talyplar okuwyny uzak aralykdan dowam etdirmeli bolarlar. Metbugat gullugy Russiýa girmek meselesiniň ministrligiň ygtyýaryna girmeýändigini nygtady.
Ýokary okuw mekdeplerinde okuw ýyly 1-nji sentýabrdan başlar.
Ministrligiň habaryna görä, 2019/20-nji okuw ýylynda Russiýada 297,993 daşary ýurtly talyp okady. Olaryň köpüsi Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň, Hindistanyň, Belarusyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň raýatlary.
Şol bir wagtyň özünde, Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti daşary ýurtly talyplaryň 1-nji sentýabrdan uzakdan okap başlajakdygyny we serhetler açylandan soň doly okuwlara geçip biljekdigini habar berdi. Uniwersitet daşary ýurtly birinji ýyllyk talyplar üçin uniwersitetde okamagyň däpleri we aýratynlyklary, şeýle hem Russiýanyň medeniýeti we Moskwanyň gözel ýerleri barada onlaýn leksiýalary geçer.

düýn 23:39
2k+

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.8k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......