COVID-19 döwründe çagalaryň we ýetginjekleriň saglyk ýagdaýy maslahatlaşyldy

  • 21.08.2020 15:38
  • 15k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) sebit hem-de ýurt boýunça edaralarynyň goldaw bermeginde COVID-19 döwründe çagalaryň we ýetginjekleriň saglyk ýagdaýyna bagyşlanan web-maslahaty geçirdi.

Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Beýik Britaniýanyň saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri gatnaşdylar, onuň dowamynda Merkezi Aziýada COVID-19 pandemiýasy döwründe çagalara talabalaýyk lukmançylyk hyzmatlarynyň üpjün edilmeginiň meseleleri we bu ugurdaky tejribeleriň alşylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň açylyşynda ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory Afşan Han, BSGG-niň Çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça maksatnamasynyň sebitleýin menejeri Martin Weber hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Ç.Agamyradow dagy çykyş etdiler.
Maslahatyň barşynda çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak ulgamynyň hünärmenleri COVID-19 döwründe çagalara dogry lukmançylyk kömegini bermegiň global, sebit hem-de ýurt boýunça toplanan tejribeleri dogrusynda pikir alyşdylar. Olar hususan-da, täze koronawirus ýokançly çagalaryň, şol sanda hroniki keselleri bolan çagalaryň epidemiologiýasyna we kliniki taýdan ugrukdyrylyşyna, esasy hyzmatlary bermegiň üznüksizligine, çagalar we ýetginjekler üçin izolýasiýanyň netijelerine, pandemiýadan soňra kadaly lukmançylyga geçilişine we mekdeplerde hem-de lukmançylyk edaralarynda iýmitlenmek bilen bagly bolan meseleleriň çözülmegine aýratyn üns berdiler.

düýn 23:14
3.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
2.9k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....