Türkmenistanda 2020/2021-nji okuw ýyly üçin giriş möwsümi tamamlanýar

  • 20.08.2020 12:55
  • 27k+

21-nji awgustda Türkmenistanyň ähli orta we ýokary hünär okuw mekdeplerine giriş möwsümi tamamlanýar. Diňe başlangyç hünärment mekdeplerinde awgust aýynyň ahyryna çenli talyplaryň täze tapgyry kabul ediler.

Umuman alanyňda, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň 46 sany täze hünär boýunça talyplary kabul etmegi möwsümiň esasy aýratynlyklarynyň biri boldy. Netijede, birinji ýyllyk talyplar ilkinji gezek onlarça täze, şol sanda sanlylaşdyrmak çygrynda hünärmenleri taýýarlamak bilen gönüden-göni baglanyşykly ugurlar boýunça okuwa kabul edildi.
Ýurdumyzdaky raýat ýokary okuw mekdepleriniň ýarysyndan köpüsiniň okuw meýilnamasyna otuzdan gowrak täze hünär goşuldy.
Öňümizdäki 2020–2021-nji okuw ýylynda kyrkdan gowrak orta hünär okuw mekdebiniň talyplary on dört täze hünär ugry boýunça okuwlaryna başlarlar. Esasan, milli ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny sanlaşdyrmak bilen baglanyşykly bäş sany täze hünär ýurduň dürli sebitlerinde ýerleşýän jemi altmyş sany başlangyç hünärment mekdepleriniň wekilçilikli ulgamynyň okuw meýilnamalarynyň üstüni ýetirdi.

15.03.2026 12:38
4.6k+

Türkmen ýokary okuw mekdepleri «Lomonosow-2026» forumynyň meýdançasyna öwrüler

2026-njy ýylyň 10-njy — 25-nji apreli aralygynda M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti tarapyndan guralýan «Lomonosow» XXXIII talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň halkara ylmy maslahaty geçiriler...

14.03.2026 00:32
3.8k+

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde aprel aýynda birnäçe olimpiadalar we ylmy-amaly maslahatlar geçiriler

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri aprel aýynda birnäçe halkara ylmy-amaly maslahatlaryny we olimpiadalaryny geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B...

12.03.2026 18:04
4.9k+

Türkmenistanda «E-mekdep» sanly ulgamy kämilleşdirilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan işe girizilen «E-mekdep» sanly dolandyryş ulgamy orta mekdeplerde giňden ornaşdyrylýar we yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu döwrebap platforma bilim edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak we ata-eneler bilen mekdebiň arasyndaky gatnaşygy täze derejä çykarmak maksady bilen döredildi...

10.03.2026 18:21
5.1k+

Moskwa döwlet lingwistik uniwersitetinde türkmen dili okadylyp başlanar

Moskwa döwlet lingwistik uniwersiteti (MDLU) türkmen dilini esasy bilim maksatnamalaryna girizmegi meýilleşdirýär. THP-niň habar bermegine görä, bu mesele ýokary okuw mekdebiniň rektory Irina Kraýewa bilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Durdyýewiň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy...