«Türkhowaýollary» 1-nji sentýabrdan Aşgabada uçuşlary gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýär

  • 19.08.2020 20:47
  • 66k+

Koronawirus sebäpli halkara gatnawlaryny togtadan we olaryň köpüsini 11-nji iýunda täzeden dikelden «Türkhowaýollary» awikompaniýasy sentýabr aýy üçin täze uçuş meýilnamasyny yglan etdi diýip, Daily Sabah habar berýär.

Kompaniýa 16-njy awgustdaky beýannamasynda «milli we halkara saglygy goraýyş edaralary bilen yhlasly işleriň netijesinde» indiki aýyň meýilnamasy boýunça ylalaşandyklaryny aýtdy.
Beýannamada müşderilere giň syýahat mümkinçilikleriniň hödürlenjekdigi, bu çylşyrymly döwürde meýilnama düzmek kyn bolansoň, uçuşlaryň togtadylmagynyň hökümetleriň kararlaryna baglydygy bellenilýär. Şonuň üçin müşderilere 21-nji martdan 31-nji awgust aralygynda satyn alnan biletleri çalyşmak üçin çäksiz mümkinçilikler hödürlenýär.
Kompaniýa 1-nji sentýabrdan başlap, Aşgabada (Türkmenistan) uçuşlar bilen birlikde, Eýrana (Tähran, Töwriz, Şiraz we Maşat), Kanada (Wankuwer); Madagaskara (Antananarivo); Estoniýa (Tallin), Latwiýa (Riga), Gruziýa (Batumi we Tbilisi); Wýetnama (Hanoý we Hoşimin); Saud Arabystanyna (Dammam we Er-Riýad); Alžire (Konstantin we Oran); Owganystana (Mazar-i-Şerif); Russiýa (Krasnodar, Soçi we Kazan); Yraga (Süleýmaniýa); Hindistana (Mumbaý we Nýu-Deli); Bahreýne; Iordaniýa (Amman halkara howa menzili); Litwa (Wilnius); Mongoliýa (Ulan Bator); Gresiýa (Saloniki); Marokka (Marakeş); Omana (Muskat) ; Nigeriýa (Abuja we Lagos); Günorta Afrika (Keýptaun, Ýohannesburg we Durban) hem-de Birleşen Arap Emirliklerine (Abu Dabi) uçuşlary dikeltmegiň meýilleşdirilendigini habar berdi.

şu gün 09:50
3k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

düýn 16:31
4.6k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
5.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
7k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......