Tramp Huawei-den çäklendirmeleri wagtlaýyn aýyrdy

  • 17.08.2020 12:26
  • 5.6k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Pentagona goranyş edarasynyň adamlary tarapyndan Huawei kompaniýasynyň önümleriniň we hytaý önümçiliginiň beýleki telekommunikasion enjamlarynyň ulanylmagyna umumy döwlet gadaganlygyny wagtlaýyn ret etmäge ygtyýar berdi. Bu barada «Defense News» neşiri habar berýär. Muny lenta.ru habar berýär.

Çäklendirmeleri wagtlaýyn aýyrmak 13-nji awgustdan 30-njy sentýabr aralygynda hereket edýär. Şol wagtyň içinde COVID-19 koronawirus ýokanjynyň ýüze çykaran täsirlerinden saplanmadyk goranyş edarasynyň adamlary hytaý enjamlarynyň ýerini çalşyrjak enjamlaryň üpjünçiligi meselesini çözmeli bolarlar.
Çäklendirme girizmek boýunça wagtlaýyn möhleti yza süýşürmek Huawei we beýleki hytaý kompaniýalarynyň çözgütleriniň ornuny tutujynyň gözlegine köpräk wagt talap eden kompaniýalara hem degişli. Neşir munuň amerikan goranyş edarasynyň adamlaryna wagtlaýyn dynç berjekdigini belleýär.
Awgustda «China Info 100» konferensiýasynda Huawei kompaniýasynyň top-menejeri Riçard Ýu korporasiýanyň smartfonlaryň önümçiligi üçin prosessorlarynyň gutarandygyny mälim etdi. TSMC taýwan kompaniýasyndan çipleriň önümçiligi 15-nji sentýabrda togtadylar. Sargytçynyň edarasy hytaý kompaniýasyndan sargyt kabul etmegi 15-nji maýda bes etdi.

düýn 08:33
3k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.6k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

20.06.2026 09:49
2.3k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....