Tramp ABŞ-da Alibaba kompaniýasynyň işini gadagan edip biler

  • 17.08.2020 00:07
  • 10k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ABŞ-da Alibaba hytaý IT-kompaniýasynyň işini gadagan etmek mümkinçiligini gözden geçirýär, bu barada “Kommersant” gazeti habar berýär.

Bedminsterdäki (Nýu-Jersi ştaty) metbugat-konferensiýasynda ABŞ-nyň hökümeti beýleki uly hytaý tehnologik kompaniýalarynyň, hususan-da, Alibaba kompaniýasynyň işini gadagan etmegi meýilleşdirýärmi diýlen metbugatyň soragyna beren jogabynda amerikan lideri şeýle belledi: “Hawa. Biz beýleki mümkinçilikleri hem gözden geçirýäris”.
Alibaba — Hytaýyň uly internet-kompaniýasy bolup, elektron söwda gurşawynda 1999-njy ýyldan bäri hereket edýär. Oňa birnäçe meşhur internet-meýdançalary degişli, olaryň arasyndan AliExpress, Alibaba Pictures we Taobao.com bellemek bolar.
Öň, Tramp TikTok we WeChat serwisleriniň milli howpsuzlyga ýetirýän howpy bilen göreşmek barada permana gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, amerikanlar 45 gün möhlet dolanyndan soň, ByteDance kompaniýasynyň programmasynyň eýeleri bilen ähli şertnamalary doly derejede bes etmeli bolarlar. Eger-de ahyrky möhlet tamamlanýança, amerikan brendleriniň hiç biri TikTok-y hytaý kompaniýasyndan satyn almasa, onda serwis gadagan ediler.

şu gün 19:20
386

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

şu gün 14:40
1.3k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

şu gün 14:16
2.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

düýn 16:15
3.7k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......