1-nji sentýabrdan Türkmenistanda mekdepleriň işine käbir wagtlaýyn üýtgeşmeler giriziler

  • 20.08.2020 15:54
  • 66k+

Häzirki wagtda Türkmenistanda täze 2020-2021-nji okuw ýylyna taýýarlyk görmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň ähli künjeginde umumy orta bilim berýän mekdeplerde täze okuw ýyly 1-nji sentýabrdan doly güýjünde işe başlar.
Türkmenistanda täze okuw ýylyna guramaçylykly başlamak we okuw-terbiýeçilik işini guramak bilen bagly okyjylarymyz özlerini gyzyklandyrýan käbir soraglar bilen bize ýüz tutdular. Şu soraglary aýdyňlaşdyrmak hem-de okyjylarymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, TmCars – Habarlar Türkmenistanyň Bilim ministrligine ýüz tutdy. Şol ýerden alnan maglumatlardan gelip çykýan esasy wezipeleri dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça adatdan daşary toparynyň görkezmelerinden ugur alyp, täze okuw ýyly üçin käbir wagtlaýyn çäreler girizilýär:

Okuw sapaklarynyň wagty we guralyşy barada:

  • umumybilim edaralarynda okuw sagatlarynyň wagty 1-nji synplarda 25 minut, 2-4-nji synplarda 30 minut, 5-11-nji synplarda 35 minut bolar;
  • her sapakdan soňra arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek üçin arakesme 10 minut, uly arakesme bolsa, 20 minut möçberde kesgitleniler.
  • okuw maksatnamalarynyň mazmunyny saklap, sapaklaryň dowamlylygyna wagtlaýyn üýtgetmeler giriziler, mugallymlaryň iş ýükleri saklanyp galar;
  • bir salkynda okadylýan mekdepler iki salkyna geçiriler, her salkyndan soňra arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek üçin 30 minutdan az bolmadyk arakesme yglan ediler;
  • okuwçy sany köp bolan synplar iki synpa bölünip okadylar;
  • okuwçylaryň açyk howada köpräk bolmaklaryny hem-de okuw maksatnamalaryny doly özleşdirmeklerini gazanmak üçin mekdeplerde bar bolan şertlere laýyklykda bedenterbiýe, zähmet, biologiýa (botanika, zoologiýa), tebigaty öwreniş, ekologiýa, taryh, şekillendiriş sungaty — surat ýaly sapaklary amatly howa şertlerine baglylykda açyk howada, taryhy-medeni ýadygärliklerde, muzeýlerde, botanika bagynda, sport meýdançalarynda we desgalarynda aýratyn tassyklanan reje esasynda göçme okuw sapaklary guralar.

Guramaçylyk işleri barada:

  • Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleri täze okuw ýyly üçin wagtlaýyn iş meýilnamalaryny, orta mekdepler sapaklaryň wagtlaýyn tertiplerini taýýarlar;
  • 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni çäklendirilen adamlaryň gatnaşmagynda geçiriler;
  • täze okuw ýylynyň başlanmagynyň öň ýanynda we hepdede bir gezek umumybilim edaralarynda düýpli arassaçylyk-gigiýena hem-de zyýansyzlandyryş işleri geçiriler. Bu işleriň guralyşyna we geçirilişine edaranyň içki buýrugy bilen jogapkär işgär belleniler.
  • umumybilim edaralarynda girelgelerde ýörite berkidilen mugallym tarapyndan mekdep okuwçylarynyň, bilim işgärleriniň burun boşluklaryna oksolin melhemini çalmak, elleri zyýansyzlandyryjy erginler bilen zyýansyzlandyrmak hem-de beden gyzgynyny ölçemek üçin ýörite nokatlar dörediler;
  • umumybilim edarasynyň binalarynyň girelgelerinde aýakgaplary zyýansyzlandyrmak üçin her gün zyýansyzlandyryş erginli düşekçeler goýlar;
  • sapak başlamazdan öň we soň, uly arakesmelerde gündelik üzärlik ulanylar;
  • otaglarda, mejlis we sport zallarynda, dälizlerde, naharhanalarda, hajathanalarda we zir-zibil ýygnalýan ýerlerde, kömekçi binalarda, meýdançalarda we daş-töwereklerde düýpli-arassaçylyk gigiýena we zyýansyzlandyryş işleri geçiriler.

Umumy bilim edaralarynda kesgitlenen aralygy saklamak we galtaşyklary döretmezlik maksady bilen:

  • bilim edaralarynda birnäçe girelgeler açylar;
  • mekdep okuwçylarynyň we ähli işgärleriniň agyz-burun örtüklerini hereket edýän kadalara laýyklykda dogry ulanmaklary üpjün ediler;
  • okuwçy partalarynda okuwçylar 2 metr aralyga laýyklykda, şahmat tertibinde oturdylar;
  • arakesmede okuwçylaryň umumybilim edarasynyň çäginden daşary çykmaklary we okuw zerurlygy bilen bagly bolmadyk hereketleri çäklendiriler;
  • okuwçylaryň ata-eneleriniň we olaryň ornuny tutýan adamlaryň mekdebiň okuw binalaryna girmekleri çäklendiriler;
  • arakesmelerde okuwçylaryň daşary çykmaklary we nahara guramaçylykly gitmekleri ýola goýlar;
  • naharhanalarda naharlanmagyň kesgitlenen aralygy berjaý ediler;
  • başlangyç we ýokary synp okuwçylarynyň aýratyn ýerleşmekleri ýola goýlar;
  • mekdep okuwçylarynyň, bilim işgärleriniň we ata-eneleriň arasynda kesgitlenen aralygy üpjün etmek, keselleriň öňüni almak we arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek boýunça düşündiriş, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçiriler.

Hormatly ene-atalar! Täze okuw ýylynda umumybilim edaralarynyň işini netijeli alyp barmagy, okuwçylaryň döwrebap bilim almaklary üçin görülýän wagtlaýyn çärelere doly we dogry düşünip, bu işlere ýakyndan ýardam bermäge gatnaşmaga çagyrýarys. Çünki bilim-terbiýeçilik işi maşgala terbiýesi bilen utgaşan ýagdaýynda öz netijesini berer.

Tmcars Habarlar pursatdan peýdalanyp, okyjylarymyzdan gelip gowuşýan sowallary kanagatlandyrmakda ýakyndan hyzmatdaşlyk edendigi üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligine minnetdarlyk bildirýär.

Okyjylarymyzy geljekde hem wakalaryň ýaýbaňlanyşy, üýtgeşmeler bilen habarly edip durarys.

17.12.2025 12:14
6k+

Türkmenistanly mekdep okuwçysy Almatyda geçirilen AMAKids olimpiadasynda ýeňiji boldy

Türkmenistanly mekdep okuwçysy Baýmuhammet Annamuhammedow "International Mental Arithmetic & English Language Olympiad – Independence Cup" (Halkara mental arifmetika we iňlis dili olimpiadasy – Garaşsyzlyk kubogy) atly halkara ýaryşynda ýeňiş gazandy...

17.12.2025 11:43
9.6k+

Türkmenistanda harby okuw mekdeplerine 2026‑2027 okuw ýyly üçin kabul edişlik yglan edildi

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi 2026‑2027 okuw ýyly üçin Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituta hem-de ýöriteleşdirilen harby okuw mekdeplerine kabul edişligiň başlanandygyny yglan etdi. Harby instituta kabul edişlik Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituta orta bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär...

15.12.2025 23:00
12k+

Türkmenistanyň Prezidenti halkara ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan okuwçylara we talyplara pul baýragyny berdi

15-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara ders bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna we tälimçilerine sylaglary gowşurdy...

12.12.2025 17:14
1.9k+

Türkmenistanda fizika dersi boýunça V halkara olimpiada geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda fizika dersi boýunça sanly ulgam arkaly V halkara olimpiada geçirildi. Bu halkara çäresine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary...