Hünärmen organizmi COVID-19-dan goraýan şertleri atlandyrdy

  • 14.08.2020 23:40
  • 12k+

Rospotrebnadzoryň Epidemiologiýanyň merkezi ylmy-barlag institutynyň CMD molekulýar diagnostikanyň merkeziniň öňdebaryjy hünärmeni Mihail Lebedew koronawirusa käbir adamlaryň organizmine girmäge päsgel berýän şertler barada habar berdi. Bu barada ol rg.ru beren interwýusynda gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, iki sany esasy şert bar: bu genleriň özgermegi we genetiki aýratynlyklar.
Lebedew koronawirusa täsirlenme we keseliň geçiş agyrlygy adam organizminiň şahsy genetiki aýratynlyklaryna bagly bolup biler diýip düşündirýär.
Hünärmen ol ýa-da beýleki bir adamda keseliň nähili derejede agyr geçjekdigini kesgitlemäge mümkinçilik berýän genetiki görnüşleri ýüze çykarmak üçin barlag işleriniň geçirilýändigini gürrüň berdi. Alymlar ACE2 belogy kodlaýan geniň özgermesiniň koronawirusyň adamyň öýjüklerine düşmegini ýeňilleşdirip ýa-da kynlaşdyryp bilýändigini eýýäm anykladylar.

“Barlag işleri dowam etdirilýär we bize täze koronawirus bilen bagly örän köp açyşlar garaşýar” – diýip, hünärmen aýdýar.

düýn 19:27
2.6k+

Russiýanyň Gamaleýa merkezi rak keseline garşy mRNK-sanjymynyň ilkinji synag tapgyryny çykardy

Gamaleýa adyndaky Epidemiologiýa we Mikrobiologiýa ylmy-derňew merkezine degişli bolan mRNK-preparatlary öndürýän fabrika onkologiýa kesellerine garşy göreşmek üçin niýetlenen sanjymyň ilkinji üç synag tapgyryny üstünlikli çykardy...

15.12.2025 14:50
4.9k+

Johnson & Johnson saglyk üçin howply çaga prisypkasy sebäpli $40 mln tölemäge borçlandy

Los-Anjelesiň Ýokary kazyýeti Johnson & Johnson kompaniýasyny köp ýyllaryň dowamynda talk saklaýan çaga prisypkasyny ulanmagyň netijesinde ýumurtgalygyň rak keseline sezewar bolandygyny aýdan iki aýala 40 mln dollar tölemäge borçlandyrýan karary çykardy...

12.12.2025 15:36
5.2k+

Robot-hirurg ilkinji gezek kataraktany aýyrmak boýunça operasiýa geçirdi

Lukmançylyk bilen inženerçiligiň çatrygynda göz hirurgiýasynda uly öwrülişikleri wada berýän düýpli öňe gidişlik boldy: Kaliforniýanyň Los-Anjeles uniwersitetinde (UCLA) işlenip düzülen robot ulgamy dünýäde ilkinji gezek adamda kataraktany aýyrmak boýunça operasiýany üstünlikli geçirdi...

10.12.2025 11:51
7.6k+

Gögerçiniň dersinde adamlar üçin howply, BSGG-niň sanawyna girýän patogenler tapyldy

M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň (MDU) Topragy öwreniş bölüminiň hünärmenleri gögerçinleriň dersinde adam saglygy üçin howply bolan askomiset görnüşli gabartmalary tapdylar. Uniwersitetiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu mikroorganizmler esasan hem çagalarda we immun ulgamy gowşak adamlarda bu görnüşli ýokançlyklaryň döremegine sebäp bolup biler...