BSGG-niň ýolbaşçysy koronawirus bilen göreşde umyt şöhleleriniň bardygyny habar berdi

  • 12.08.2020 09:08
  • 11k+

Koronawirus bilen göreşde umyt şöhlesi peýda boldy diýip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) ýolbaşçysy Tedros Gebreýesus aýtdy. Bu barada vm.ru habar berýär.

“Siziň köpiňiz häzir gynanýarsyňyz. Bu Ýer ýüzi üçin agyr pursat. Ýöne men bir zady aýdyňlaşdyrasym gelýär: umyt alamatlary bar we ýurduň, sebitiň, şäheriň ýa-da şäherçäniň nirede ýerleşýändigine garamazdan, COVID-19 ýaýrawyny yza gaýtarmak hiç haçan giç däl” – diýip, metbugat gullugy BSGG-niň ýolbaşçysynyň sözlerini getirýär.

Ol häzirki günde dünýäde 20 milliondan gowrak kesel ýagdaýynyň bellige alnandygyny, ölüm sanynyň bolsa 750 müňe golaýlaýandygyny belledi. Ýöne bu sanlar ýagdaýyň gözegçilik astynda däldigini aňlatmaýar diýip, Gebreýesus nygtaýar.
BSGG-niň ýolbaşçysy ýurtlary COVID-19 ýaýrawynyň irki tapgyrlarda öňüni almagy başaran käbir döwletlerden görelde almaga çagyrdy. Gürrüň, aýratynam, Täze Zelandiýa, Ruanda, Karib deňzinde we Ýuwaş ummanynda ada döwletleri, şeýle-de Mekong derýa sebitindäki ýurtlar barada gidýär.

“Täze Zelandiýa – koronawirus bilen nähili göreşmelidiginiň dünýä nusgasy” – diýip, ol belleýär. Täze Zelandiýada eýýäm 100 günden gowrak wagt bäri koronawirus bilen kesellemegiň täze ýagdaýy bellige alnanok. BSGG-niň ýolbaşçysy ähli dünýä liderlerini hereket etmäge, raýatlary bolsa täze çäklendiriji çäreleri berjaý etmäge çagyrdy.
“Meniň çagyryşym aýdyň: wirusy ýok etmek, ýok etmek we ýene bir gezek ýok etmek” – diýip, Gebreýesus sözüni jemledi.

düýn 23:14
3k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
2.9k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....