Italiýada koronawirus bilen keselleme ýagdaýynyň ösüşi bellige alyndy

  • 08.08.2020 23:49
  • 8.2k+

Italiýada koronawirus bilen kesellänleriň bir gije-gündizki sany 38 göterim ýokarlandy diýip, Associated Press agentligi habar berýär. Muny lenta.ru ýetirýär.

Geçen gije-gündizde ýurtda koronawirus bilen kesellemegiň 552 täze ýagdaýy ýüze çykaryldy, bir gije-gündizki şeýle ýokary ösüş maýyň ahyryndan bäri bolmandy diýip, agentlik belleýär.
COVID-19-yň täze ýagdaýlarynyň üçden bir böleginden azy Italiýada koronawirusyň ýerli merkezleriniň biri bolan Weneta sebitine düşýär. Bir günüň içinde onda koronawirus üçin 16,5 müň töweregi barlag geçirildi.
Sebitiň ýolbaşçysy Luka Dzaýýanyň aýtmagyna görä, ýokanç ýakynda Ispaniýadan, Perudan, Maltadan, Horwatiýadan we Gresiýadan dolanyp gelen ýaşaýjylarda ýüze çykaryldy.

“Rugsat wagty – bu töwekgelçilik. Her bir adam rugsatda nirä gitjegini çözmeli, ýöne biziň eýýäm birnäçe hepde bäri rugsat wagtynda keselleýän syrkawlaryň sanynyň ýokarlanýandygyny bellige alýanymyz dogrudyr” – diýip, ol belleýär.

20.06.2026 12:08
7.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......