Toshiba noutbuklaryň bazaryny bütinleý terk edýär

  • 08.08.2020 23:37
  • 5.6k+

Toshiba noutbuklaryň bazaryndan gutarnykly gidýändigini mälim etdi. Öndüriji özüniň ykjam kompýuterleriň taslamasy boýunça bölümçesini Sharp kompaniýasyna satdy. Bu barada actualnews.org habar berýär.

Toshiba Satellite adyny alan, köpçülikleýin alyjylar bazary üçin niýetlenilen dünýäde ilkinji leptopy dörediji hökmünde bellidir. Indi ýapon brendi şeýle gurluşlary çykarmakdan ýüz öwürýär. Ýolbaşçylykda bölümçäniň Sharp korporasiýasynyň düzümine girýändigini aýtdylar. Şertnama heniz 2018-nji ýylda baglaşylypdy. Şol wagtda paýnamalaryň 80%-i satyn alyndy, gurluşlar bolsa öndürijiniň ozalky ady bilen çykarylmaýardy, olar üçin Dynabook brendi döredildi. Doly derejede işe gireninden soň, ol täze hojaýynyň bölünip aýrylan kärhanasy boldy. Ýöne birnäçe wagtyň dowamynda satuwda öňki gurluş ştaby tarapyndan işlenilip düzülen modeller täze at bilen çykar.
Ýatlap geçsek, 2017-nji ýylyň martynda şol wagt Toshiba degişli bolan Westinghouse amerikan atom kompaniýasy batdy. Ýapon kompaniýasy býujetde emele gelen çökgünligi ýapmak üçin serişde çeşmesini gözlemeli boldy. 2017-nji ýylyň sentýabrynda Toshiba şol wagt has girdejili bolan biznesi – Toshiba Memory kompýuter ýadynyň önümçiligini – Bain Capital maýa goýum fonduna hem-de Hoya korporasiýasyna satdy.
Häzirki wagtda Toshiba-nyň noutbuklaryň bazaryndan näme sebäpden gidendigi habar berlenok. Käbir maglumatlar boýunça, öndüriji satuwda Dell, HP we Lenovo ýol bermek bilen, şeýle kompaniýalar bilen bäsdeşlik edip bilmedi.

düýn 08:33
2.6k+

Philips 100 ýyllygy mynasybetli 80-nji ýyllaryň äheňindäki «Moving Sound» tapgyryny gaýtadan dikeltdi

Philips kompaniýasy 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli nusgawy «Moving Sound» seriýasynyň gaýtadan dikeldilýändigini yglan etdi we 1980-nji ýyllaryň retro-stiline meňzedilen dizaýnly göçme kolonkalary hem-de gulaklyklary hödürledi...

24.03.2026 16:44
8k+

Iki tigirli Bugatti täze awtoulagyň bahasyndan satylýar

Bugatti kompaniýasy Factor Bikes bilen hyzmatdaşlykda döredilen Factor One sport welosipedi bilen tanyşdyrdy. Modeliň her biriniň bahasy 23 599 dollar bolup, ondan 250 sany çäkli önümçilik tapgyryny çykarmak meýilleşdirilýär...

24.03.2026 16:33
6.3k+

Türkmenistan Belgraddaky EKSPO — 2027 üçin pawilýon gurmak boýunça gaýtadan bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Belgrad şäherinde geçiriljek EKSPO — 2027 Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi üçin milli pawilýonyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça gaýtadan halkara bäsleşigini yglan etdi...

23.03.2026 10:47
2.5k+

McDonald’s restoran brendleriniň arasynda liderligini saklady: gymmaty 42,6 milliard dollar

Brand Finance kompaniýasynyň wersiýasyna görä, McDonald’s bassyr ikinji ýyl iň gymmat restoran brendleriniň sanawynda birinji ýeri eýeledi. 2026-njy ýylda brendiň bahasy 5% ýokarlanyp, 42,6 milliard dollara ýetdi...