Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň ýolbaşçysy bilen duşuşykdan soň, degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi

  • 08.08.2020 16:29
  • 26k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreisus bilen wideoaragatnaşyk boýunça duşuşyk geçireninden soň, göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowy çagyrdy. Maslahatyň barşynda BSGG-niň ýolbaşçysy bilen geçirilen onlaýn duşuşygyň çäklerinde öňe sürlen möhüm wezipelere garalyp, olary iş ýüzünde amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, kesgitlenen meýilnamalary ýerine ýetirmek jogapkärçilikli we ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmäni talap edýär. Şeýle hem häzirki wagtda amala aşyrylýan işler hem-de öňde durýan wezipeleri çözmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabatlar berildi.

Döwlet Baştutany Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçysy bilen geçirilen duşuşykda seredilen meseleleriň möhümdigini bellemek bilen, ýurdumyzyň halkara düzümler bilen ýola goýýan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň we bu ugurda bar bolan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň häzirki döwrüň wajyp meselesidigini aýtdy hem-de kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, anyk çäreleriň görülmegine netijeli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, anyk tabşyryklar berildi. Döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, durmuşa geçirilýän çäreleriň oňyn netije bermegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigi bellenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow BSGG-niň ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygynyň barşynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen teklipleriň doly goldanylandygyny kanagatlanma bilen belläp, bu ugurda degişli düzümler bilen sazlaşykly işleri ýola goýmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz, hususan-da, ylmy diplomatiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, alym-lukmanlaryň, bilermenleriň we bilimiň beýleki ugurdaş ugurlarynyň hünärmenleriniň yzygiderli pikir alyşmagy üçin ähli zerur şertleri döretmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz görülýän çäreleriň möhümdigini bellemek bilen, geljekde hem abraýly halkara guramalaryň maslahatlaryna eýermegi hem-de bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etmegi tabşyrdy.

düýn 23:49
321

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....