Jeff Bezos 2020-nji ýylda $7,2 milliard möçberde Amazonyň paýnamalaryny satdy

  • 07.08.2020 15:00
  • 5.1k+

Amazon kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezos kompaniýanyň $3,1 milliard möçberinde ýene bir paýnamalar toplumyny satdy. Bu barada Bezosyň ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we birža boýunça komissiýasyna iberen habaryna salgylanmak bilen CNBC teleýaýlymy habar berýär. Muny regnum.ru ýetirýär.

2020-nji ýylda Bezos kompaniýanyň $4,1 milliarddan gowrak möçberde özüne degişli bolan paýnamalaryny satdy. Şeýlelik bilen, işewüriň kompaniýanyň gymmat kagyzlaryny satmakdan gelen umumy girdejisi bu ýylda $7,2 milliarda barabar bolýar. Deňeşdirmek üçin getirsek, geçen ýylyň dowamynda işewür 2,8 milliard dollar möçberde paýnamany satdy.
Bezos Amazon korporasiýasynyň $170 milliarda durýan ýene-de 54 mln paýnamasynyň eýesi bolmagynda galýar. Amazon ikinji çärýegiň jemi boýunça, $88,9 milliard möçberde girdejini bellige aldy. Bu görkeziji 2019-njy ýylyň ikinji çärýeginiň netijeleri bilen deňeşdirilende 40% ýokarlandy. Şonda ol $63,4 milliard bilen bahalandyryldy. Geçen ýylyň ikinji çärýeginde kompaniýanyň girdejisi $2,6 milliarda barabar boldy.
Regnum agentliginiň habar bermegine görä, dünýäde iň baý adam — Amazon kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezos indi rekord möçberdäki $180 milliarda eýeçilik edýär. Kapitallaşdyrmasy $1,52 trilliona ýeten Amazon-yň paýnamalarynyň bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde Bezosyň baýlygyna bir hepdäniň içinde tas $10 mlrd goşuldy. Kompaniýanyň paýnamalarynyň 11,1%-ine eýeçilik edýän Bezosyň paýynyň bahasy şeýlelik bilen, $181,5 milliarddan geçdi.
Amazon internet arkaly harytlary we hyzmatlary satýan dünýäde uly korporasiýa hasaplanýar. Ol 1994-nji ýylda Bezos tarapyndan esaslandyryldy.

düýn 21:59
945

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.4k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

20.06.2026 09:49
2.1k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

19.06.2026 14:20
2.9k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....