Di Kaprio “Apple” bilen bilelikde film öndürmek boýunça aýratyn şertnama baglaşdy

  • 04.08.2020 17:00
  • 9.3k+

Leonardo Di Kaprio we oňa degişli bolan “Appian Way” studiýasy “Apple” kompaniýasy bilen filmleri we teleýaýlym taslamalaryny bilelikde öndürmek boýunça aýratyn şertnama baglaşdy. Bu barada “Hollywood Reporter-e” salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Di Kaprio öň “Warner Bros” we “Paramount Pictures” bilen hem şuňa meňzeş şertnamalary baglaşypdy. Ýöne ol şertnamalar telewizion mazmunyň (kontentiň) döredilmegi bilen baglanyşykly däldi.
“Apple” eýýäm “Appian Way”-iň Deýwid Grannyň “Aý gülüniň ganhorlary” atly kitabynyň esasynda döredilen adybir filmi surata düşürmek üçin 200 million dollar töweregi maýa goýmaga razylyk berdi. Drama Martin Skorseze režissýorlyk eder. Demirgazyk Amerikada film “Apple TV +” arkaly görkeziler we halkara prokaty “Paramount” öz üstüne alar.

Öň, "Netflix"-iň Kiýewde Wan Dammly film düşürýändigini habar beripdik.

05.06.2026 13:07
4.6k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....