Hoakin Feniks bilen Runi Mara wiruslaryň howpy baradaky filmiň prodýuserleri bolar

  • 03.08.2020 07:30
  • 8.4k+

Kino ýyldyzlary Hoakin Feniks bilen Runi Mara “Lukmançylygyň soňy” (The End of Medicine) atly dokumental filmiň ýerine ýetiriji prodýuserleri boldular diýip, RIA Nowosti agentligi Deadline saýtyna salgylanmak bilen habar berýär.

Lentada ähli siwilizasiýanyň saglygyna we janyna howp salýan tebigy gelip çykyşly keseller barada gürrüň berilýär.
Filmiň üstünde dünýäniň COVID-19 barada “dil açmazyndan” öň, ýagny 2019-njy ýylda işlenilip başlandy. Kartinada gürrüň haýwanlardan adamlara geçýän bakteriýalar we wiruslar barada gidýär. Onuň içine barlaglary saglygy goraýyş pudagynda biziň ählimiziň duçar bolan adatdan daşary ýagdaýymyzyň gutulgysyzdygyny we onuň heniz tamamlanmakdan irdigini delillendirýän öňdebaryjy alymlaryň interwýulary girizildi. Hünärmenleriň çykaran netijelerine laýyklykda, täze wiruslaryň, şol sanda COVID-19-yň, doňuz, guş dümewiniň we beýleki şuňa meňzeş keselleriň başy maldarçylyga baryp ýetýär.

“Biz “Lukmançylygyň soňunyň” hemmelere biziň endiklerimizi üýtgetmek üçin bir-zatlar etmegiň wagtynyň gelendigini görkezer diýip umyt edýäris. Ylym jedelsiz. Biz sarp edijilik endigimizi düýpgöter üýtgetmesek, häzirki zaman maldarçylygy sebäpli kesellemegimizi dowam etdireris” – diýip, Runi Mara bilen Hoakin Feniks belleýär.

Lentanyň önümçiligini 2020-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.

düýn 16:04
718

Denim estetikasy ýüzüne siňen Lili-Rouz Depp Chanel-iň täze «Coco Denim» kolleksiýasyny görkezdi

Hypebae neşiriniň habar bermegine görä, Chanel modalar öýi «Coco Denim» atly täze çäklendirilen makiýaž kolleksiýasyny görkezdi. Onuň ýüzi hökmünde bolsa aktrisa we brendiň ilçisi Lili-Rouz Depp çykyş etdi. Mahabat kampaniýasynda Depp önümleriň esasy aýratynlyklaryny görkezýär...

27.02.2026 11:50
6.4k+

Içi görünýän köwüşler — 2026-njy ýylyň täze trendi

2026-njy ýylyň ýaz-tomus möwsüminde 90-njy ýyllarda ýoň bolan içi görülýän köwüşler moda görä geýinmegiň baş alamatlarynyň biri bolar. Şunlukda köwüşleriň häzirki zaman materiallary bilen utgaşdyrylan sypaýy görnüşleri ýene-de moda dünýäsine gaýdyp geler...

26.02.2026 05:32
2.9k+

Alýumin bägül, goňur wafli... Jacquemus we Nike üýtgeşik reňkli krossowkalary hödürleýär

Jacquemus we Nike brendleri bahar möwsümi üçin Jacquemus x Nike Moon Shoe SP krossowkalarynyň täze reňklerini çykardy. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär. Aýakgabyň dizaýny 1972-nji ýylyň taryhy modeline esaslanýar...

25.02.2026 21:05
3.2k+

«Moda — bu sungat»: Met Gala 2026-nyň dress-kody yglan edildi

Metropoliten-muzeýi Met Gala 2026 haýyr-sahawat balynyň mowzugynyň «Moda — bu sungat» diýlip atlandyrylýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Vogue neşiriniň habar bermegine görä, çäre 4-nji maýda Nýu-Ýorkdaky (ABŞ) Condé Nast Galleries giňişliginde geçiriler...