Donald Trampyň 2019-njy ýyl boýunça girdejisi neşir edildi

  • 01.08.2020 18:00
  • 13k+

ABŞ-nyň hökümetiniň ýanyndaky etika meselesi boýunça edara her ýylky maliýe ýazgysyny neşir etdi, onda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 2019-njy ýyl boýunça girdejisi barada maglumatlar beýan edilýär. Bu barada ТАSS habar berýär.

78 sahypalyk resminama laýyklykda, geçen ýylda döwlet ýolbaşçysy, beýlekilerden başga, Florida ştatyndaky özüniň Mar-a-Lago şypahanasy arkaly $21,4 mln gazandy. 2018-nji ýyl boýunça beýannamada bu toplumdan girdeji ýokary bolupdy – tas $22,7 mln. Waşingtondaky myhmanhananyň girdejisi 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 300 müň kemelip, $40,5 milliona barabar boldy. Öz gezeginde Trump National Doral Miami şypahanasy 2019-njy ýylda Trampa $77,2 mln getirdi, bu ondan öňdäki ýyl bilen deňeşdirilende $1,3 mln köp. Bedminsterdäki (Nýu-Jersi ştaty) golf-klubyndan gelýän girdeji $15,7 milliondan $17,7 milliona çenli ýokarlandy.
“The Wall Street Journal” gazetiniň hasaby boýunça, umumy alanyňda, Ak öýüň ýolbaşçysynyň girdejisi 2019-njy ýylda $446 milliona barabar boldy. Neşir maliýe ýazgysynyň ir neşir edilmelidigini, ýöne pandemiýa sebäpli onuň möhletiniň süýşürilendigini belläp geçýär.
Inaugurasiýadan öň, Tramp özüne degişli bolan Trump Organization kompaniýasynda ähli eýeleýän wezipelerini ogullary Donald bilen Erikiň dolandyrmagyna geçirmek üçin olardan gidendigini habar berdi. Ýöne şunuň bilen birlikde, Tramp özüniň kompaniýalaryndan dynmakçy bolmady, sebäbi bu, hukukçylaryň aýtmagyna görä, maşgalanyň galan agzalarynyň isleginiň zyýanyna olaryň gaty arzan satylmagyny aňladardy.
2016-njy ýylda saýlawdan öňki wagtda Tramp baýlygynyň $10 milliarddan geçýändigini aýtdy. Hünärmenler onuň işleriniň umumy bahasynyň ep-esli azdygyny çaklamak bilen, bu hasaba birnäçe gezek şübhelendiler.

şu gün 10:10
3.1k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

şu gün 09:29
2.5k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

düýn 22:06
840

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

düýn 20:58
8k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....