Apple 5G ulgamly iPhone 12 smartfonuny bellenilen möhlete çenli taýýarlap ýetişmez

  • 31.07.2020 08:00
  • 14k+

Apple üçin çipleri öndürip berýän Qualcomm kompaniýasy sargyt edijiniň 5G ulgamly iPhone 12 smartfonuny sentýabra çenli taýýarlap ýetişmezliginiň ahmaldygyny ýaňzytdy. Kompaniýanyň maliýe müdiri Akaş Palhiwalanyň aýtmagyna görä, öňdebaryjy öndürijileriň biri üpjünçilik üçünji çärýekden dördünji çärýege süýşürildi, bu öz gezeginde kompaniýanyň maliýe hasabatyna täsirini ýetirdi. Öň, insaýderleriň biri Apple-iň täze lineýkalarynyň satuwynyň oktýabrda başlajakdygyny aýtdy, bu hem Palhiwalanyň çaklamasy bilen gabat gelýär. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Qualcomm-yň habaryndan görnüşi ýaly, şu ýylyň üçünji çärýegi üçin (iýul, awgust we sentýabr) kompaniýanyň girdejisine degişli maglumatlar “flagman 5G-smartfonunyň ählumumy reliziniň saklanandygy sebäpli” täzeden gözden geçirildi.
iPhone 12 lineýkasynyň adatdakysyndan giç çykjakdygy baradaky gürrüňler 2020-nji ýylyň ýazynda peýda boldy. Munuň sebäbi tutuş dünýäni gurşap alan koronawirus pandemiýasy boldy. Karantin çäreleri köp kärhanalaryň öz işini wagtlaýyn bes etmegine getirdi, bu şol sanda Apple-iň önümçilik zynjyryna hem täsirini ýetirdi.
Heniz kompaniýa tarapyndan tassyklanylmadyk ýörgünli maglumatlara ynansak, Apple-iň esasy tanyşdyrylyş dabarasy 8-nji sentýabrda geçer.
Onda öz içine dört gurluşy, Apple Watch Series 6 smart-sagadyny, täze iPad-y, şeýle-de simsiz zarýad beriji gurluşy we AirTag ykjam gurluşyny alýan iPhone 12 lineýkasy hödürleniler. Insaýderiň maglumatary boýunça, iPhone 12 we iPhone 12 Max üçin deslapky sargytlar 2-nji oktýabrda, satuwy bolsa 9-njy oktýabrda başlanar. iPhone 12 Pro we iPhone 12 Pro Max barada aýdylanda, deslapky sargytlar 16-njy oktýabrda, satuwy bolsa 23-nji oktýabrda başlanar.

düýn 12:35
1.5k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

düýn 12:23
4.9k+

Messi ChatGPT-niň mahabatynda düşdi

OpenAI kompaniýasy Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň gatnaşmagynda ChatGPT-niň mahabat wideosyny hödürledi....

düýn 08:32
2.7k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

12.06.2026 23:56
2k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......