СOVID-19-a garşy netijeli göreşmek üçin ylalaşykly tagallalary taýýarlamak zerur — Türkmenistanyň Prezidenti

  • 30.07.2020 08:03
  • 18k+

Düýn Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanlary birek-biregi ýakynlaşyp gelýän Gurban baýramy bilen gutlap, türkmen we eýran halklaryna bagt we abadançylyk arzuw etdiler. Ählumumy gün tertibiniň möhüm meselesi bolan täze görnüşli koronawirus ýokanjy, onuň ýaýramagynyň halkara gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryna edýän ýaramaz täsiri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz ählumumy häsiýete eýe bolan СOVID-19 ýokanjyna garşy göreşde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar we bu wehime garşy netijeli göreş alyp barmak üçin ylalaşykly tagallalaryň taýýarlanylmagyny zerur hasaplaýar. Hormatly Prezidentimiz ähli ýurtlaryň tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň oňyn netijelere getirjekdigini aýtdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Hasan Ruhani birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen ýene bir gezek gutlap, Türkmenistanyň we Eýranyň halklaryna parahatçylyk, bagt hem-de abadançylyk arzuw etdiler.

şu gün 10:04
3.9k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

düýn 22:20
5.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 22:18
5.7k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

düýn 13:44
3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......