Bill Geýts ABŞ-da koronawirus testiniň geçirilişini tankytlady

  • 29.07.2020 00:57
  • 15k+

Microsoft kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Geýts CNBC telekanalyna beren interwýusynda ABŞ-da koronawirus üçin geçirilýän analizleriň netijeleri baradaky pikiri bilen paýlaşdy. Bu barada delovoe.tv habar berýär.

Amerikan telekeçisiniň pikiriçe, barlaglaryň köpüsi “wagty we serişdäni doly ýitirmek” bolup durýar. Geýts ABŞ-da COVID-19 üçin analiz tabşyrmak bilen netijeleri çykarmagyň aralygynyň ortaça iki gije-gündizden geçýändigini belleýär.
Bu pandemiýa fonunda ýerli barlaghanalara ýokary agramyň düşýändigi bilen düşündirilýär. Telekeçi şeýle ýagdaýda adamlaryň kesel barada has giç biljekdigine, munuň bolsa ýokanjyň ýaýramagyna ýardam etjekdigine ynanýar.

“Hiç kim netijesine üç ýa-da ýedi günden köp garaşmaly bolýan barlag üçin hatda $1 hem tölemeli däl” – diýip, Geýts belleýär. Iýunda Geýts sanjym arkaly adamzady çipleşdirmekde günälenmegine jogap berdi, ol “delillendirilmedik” teoriýalaryň ählisini ýalana çykardy. “Men hiç haçan mikroçiplere meňzeş haýsydyr bir zatlar bilen meşgullanmandym. Muny inkär etmek kyn, sebäbi bu örän akmaklyk we geň” – diýip, milliarder düşündirýär.

şu gün 16:41
903

Aşgabatda UNFPA-nyň ýokanç kesellerde göwrelilige gözegçilik boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 2-4-nji fewraly aralygynda BMG-niň binasynda inçekeseli bolan aýallarda göwrelilige gözegçilik etmegiň aýratynlyklaryna we ftiziatriýa gullugy bilen hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak meselelerine bagyşlanan üç günlük okuw maslahaty geçirildi...

düýn 11:56
4.8k+

ABŞ-ly hirurglar hassany 48 sagatlap öýkensiz diri saklamagy başardylar

Amerikaly hirurglar näsagy iki gije-gündizläp öýkensiz diri saklamagy başardylar. Lukmaçylygyň bu haýran galdyryjy üstünligi barada ScienceAlert ylmy neşirde has içgin gürrüň berilýär. 33 ýaşly erkek adam agyr dümewden soň ölüm bilen ýaşaýyşyň arasynda galýar...

düýn 08:55
1.6k+

Awstraliýada çagalar üçin rak keseliniň garşysyna waksinanyň ilkinji synagy geçiriler

Awstraliýaly alymlar bejergisi agyr bolan beýin çiş keselinden ejir çekýän çagalara niýetlenen rak keseliniň garşysyna sanjymy synag etmäge taýýarlanýarlar. Şeýle synag dünýäde ilkinji gezek geçirilýär.  Bu barada waksinanyň kliniki däl barlaglary geçirilen Kwinslend ştatynyň uniwersiteti (UQ) mälim etdi diýip, TASS-yň habarlarynda aýdylýar...

03.02.2026 23:56
2.8k+

Mikroblar kosmosda adatdan daşary güýje eýe bolýar

Halkara kosmos stansiýasyndaky (HKS) mikrograwitasiýa şertlerinde inkubasiýadan geçen bakteriofaglar, peşew ýollarynyň ýokançlyklaryna sebäp bolýan Ýerdäki bakteriýalary ýok etmek ukybyna eýe boldular. Bu baradaky ylmy iş PLOS Biology žurnalynda çap edildi...