Nissanyň 2020-2021-nji maliýe ýylynyň I çärýegi boýunça arassa ýitgisi $2,7 milliarda barabar boldy

  • 28.07.2020 23:21
  • 9.9k+

Nissan Motor ýapon awtoöndürijisiniň paýdarlarynyň arassa ýitgisi 2020-2021-nji maliýe ýylynyň birinji çärýeginiň jemi boýunça (30-njy iýunda tamamlandy) geçen ýyldaky 6,377 milliard ýen (60,5 million dollar) möçberindäki girdejä garşy durup, 285,59 milliard ýena (2,7 milliard dollar) barabar boldy diýlip, kompaniýanyň hasabatynda aýdylýar. Muny 1prime.ru ýetirýär.

Nissan Motor-yň girdejisi hasabat döwrüniň jemi boýunça 1,174 trillion ýena barabar boldy, bu bolsa 2019-2020-nji maliýe ýylynyň görkezijisinden iki esse azdyr. Operasion ýitgi geçen ýyldaky 1,609 milliard ýen möçberindäki (15,3 million dollar) girdejä garşy durup, 153,9 milliard ýena (1,46 milliard dollar) barabar boldy.
Bu döwürde awtomobilleriň satuwy ýyllyk aňlatmasynda 47,7%, ýagny 643 müň ulaga çenli peseldi, şunuň bilen birlikde Demirgazyk Amerikada hem görkeziji 2 esse (ABŞ-da – 49,5%), Aziýada görkeziji 49,5% (Hytaýda – 39,9%) pese düşdi, Ýewropa ýurtlarynda söwda ýyllyk aňlatmasynda 2,5 esse pese gaçdy. Ýaponiýada söwdalar 3 esse azaldy. Awtoöndürijiniň bazarda paýy 0,3%-e barabar boldy.
COVID-19 koronawirus pandemiýasynyň dünýä bazaryna ýetirýän täsirini göz öňünde tutmak bilen, Nissan 2020-nji maliýe ýylynda söwdanyň göwrüminiň peselmegine garaşýar. Maliýe ýylynyň jemi boýunça, kompaniýa 4,125 million awtomobil bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
Umuman alanyňda, häzirki maliýe ýylynyň jemi boýunça Nissan 670 milliard ýen (6,35 milliard dollar) möçberinde arassa ýitginiň bolmagyna garaşýar. Ýylyň jemi boýunça girdeji 7,8 trillion ýena (74 milliard dollar) ýeter diýlip hasaplanylýar.

Nissan Motor – Ýaponiýada uly awtoöndürijileriň biri bolup, Renault-Nissan-Mitsubishi birleşiginiň düzümine girýär. Kompaniýanyň paýnamalary sişenbe güni 4,3% arzanlady. 2020-nji ýylyň başyndan bäri olaryň bahasy 35% pese gaçdy.

şu gün 10:06
397

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......

şu gün 06:05
1.2k+

Hyundai täzelenen Grandeur sedanyny tanyşdyrdy

Hyundai kompaniýasy Günorta Koreýanyň bazarynda täzelenen flagman sedany bolan Grandeur-y tanyşdyrdy. Bu model 2022-nji ýylyň ahyrynda nesil çalşanyndan bäri ýerli bazarda iň köp satylýan bäş awtomobiliň......

düýn 11:31
4.5k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

düýn 09:35
1.6k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....