Koronawirusyň sanjymy üçin milliard dollar

  • 28.07.2020 23:11
  • 21k+

ABŞ-nyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Azyk we derman serişdeleriniň hili boýunça müdirligi (FDA) koronawirusa garşy sanjymyň täze tapgyryna başlamaga ygtyýar berdi. Bu barada Euronews habar berýär.

Kliniki synaglara 30 müň töweregi adam gatnaşar. Şeýe barlaglarda adat bolşy ýaly, olar 2 topara bölünerler: birinjisi - inýeksiýa usulynda, ikinjisi bolsa platsebo usulynda barlag ediler.
"Moderna" biotehnologiýa kompaniýasy serişdäni taýýarlamagyň geçenki tapgyrlarynda täsirli netijeleri gazanandygyny mälim edipdi. Bu beýannama bilen bir hatarda, Amerikanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň eýýäm bölünip berlen bäş ýüz million dollardan başga-da, federal býudjetden 472 million dollar tölejekdigi baradaky habar ýaýrady.
Oksford barlag topary hem koronawirusa garşy sanjymy synagdan geçirmekde ilkinji oňyn netijeleri aldy, Angliýada hünärmenler synaglaryň ilkinji iki tapgyryny sinhronlamak kararyna geldiler.

Eger-de üçünji tapgyr ösüşiň netijeliligini tassyklasa, sanjymyň goýberilişi, Angliýanyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan mälim edilişi ýaly, güýzde başlap biler.

Epidemiýa zerarly pida bolanlaryň sany boýunça ABŞ-dan soň ikinji ýerde duran Braziliýada meýletinçiler Hytaýda taýýarlanan sanjymyň synaglaryna gatnaşýarlar. Synaglar San-Paulu uniwersitetiniň klinikasynda geçirilýär.

20.05.2026 12:06
9.2k+

Semizlik ösen ýurtlarda azaldy, garyp ýurtlarda bolsa artdy. Sebäbi?

Dünýäniň 200 sany ýurdunda geçirilen täze barlag baý we ösen döwletlerde semizligiň azalandygyny, emma garyp hem-de ösüp barýan ýurtlarda bolsa bu görkezijiniň tersine, örän çalt artýandygyny ýüze çykardy....

18.05.2026 14:46
4.8k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
6.2k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.9k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......