Türkmenistan Özbegistanda elektrik ýetmezçiliginiň üstüni doldurar

  • 27.07.2020 16:24
  • 11k+

28-nji iýuldan başlap, Özbegistan Türkmenistandan alýan elektrik energiýasyny artdyrmagyň hasabyna, onuň importynyň peselmesiniň öwezini dolar, şeýle hem içerki sarp ediş üçin çäklendirmeleri girizer. Bu barada Özbegistanyň Milli Elektrik Torlary (NEG) paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugyna salgylanyp, ORIENT habar berýär.

«Şu ýylyň 21-nji iýulyndan bäri, Özbegistanda energetika ulgamynda öndürilýän we sarp edilýän elektrik energiýasynyň arasynda deňagramsyzlyk ýüze çykdy. Respublikada elektrik üpjünçiliginiň wagtlaýyn kesilmeginiň sebäbi — 16-njy iýuldan bäri, goňşy Täjigistanyň energiýa ulgamyndan alynýan elektrik energiýasynyň mukdarynyň düýpgöter azalmagy boldy” – diýip, NEG Telegram kanalynda aýdylýar.

Kompaniýanyň habar bermegine görä, şu tomus Täjigistanyň suw howdanlarynda suw ýetmezçiligi sebäpli gündelik elektrik energiýasynyň importy ortaça 12 million kWt sagatdan 0,3 million kWt sagada çenli azaldy.

“Bu ýagdaýy durnuklaşdyrmak üçin NEG paýdarlar jemgyýeti, ygtyýarlyklarynyň çäginde «Türkmenenergo» kompaniýasy bilen elektrik energiýasyny import etmek barada şertnama baglaşdy. Bu tejribäniň 28-nji iýulda başlanmagyna garaşylýar” - diýlip, habarda bellenilýär.

Metbugat gullugy Özbegistanda suw ýetmezçiligi sebäpli ýurduň gidroelektrik stansiýalarynyň elektrik energiýasynyň öndürilişiniň hem günde 6-7 million kWt sagat azalýandygyny aýtdy. Şeýle hem, tomus döwründe kuwwatlyklary boýunça abatlaýyş işlerini işjeň alyp barýan ýylylyk elektrik stansiýalaryna düşýän agram hem artdy.
“Respublikanyň sarp edijileri üçin energetika ulgamynyň durnukly işlemegini üpjün etmek maksady bilen, her gün 1,5-2 million kWt sagat ýa-da gündelik ortaça sarp edilişiniň (195,6 million kWt sagat) 0.8-1.0% -i möçberinde çäklendirmeler girizilýär" – diýip, kompaniýada belleýärler.
Soňky iki ýylda Özbegistan goňşy Merkezi Aziýa ýurtlaryndan ilatyň we senagatyň zerurlyklaryny, esasan-da, gyş möwsüminiň iň kynçylykly döwründe kanagatlandyrmak üçin elektrik energiýasynyň importyna başlady. Netijede, 2018-nji ýylda Gyrgyzystandan we Täjigistandan, 2019-njy ýylyň iýul aýynda Gazagystandan (Merkezi Aziýa Energetika Ulgamynyň işine gatnaşmagyň çäklerinde) we şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistandan import gaýtadan ýola goýuldy.

Özbegistanyň energiýa ulgamynda umumy kuwwaty 12,4 müň MWt-dan gowrak 48 elektrik stansiýasy bar, şol sanda on sany ýylylyk elektrik stansiýasynyň umumy kuwwaty - 10,6 müň MWt. Elektrik energiýasynyň galan bölegi gidroelektrik stansiýalary we senagat kärhanalarynyň awtonom ýylylyk elektrik stansiýalary tarapyndan öndürilýär. Ýurduň elektrik energiýasyny öndürmek mümkinçiligi 60 milliard kWt sagatdan gowrakdyr.

düýn 15:48
3.9k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......