Ispaniýanyň hökümeti ýurduň syýahatçylar üçin doly derejede howpsuzdygyna ynandyrýar

  • 27.07.2020 15:43
  • 7k+

Ispaniýanyň hökümeti ýurtda koronawirusyň gözegçilik astyndadygyny we doly derejede çetleşdirilendigini mälim edýär. BBC agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Madrid Beýik Britaniýanyň Ispaniýadan gelenleri karantine ibermek baradaky kararyndan soň aýtdy. Muny mos.news ýetirýär.

26-njy iýuldan 14 günlük karantini geçmek talaby güýje girdi, KHBS munuň duýdansyz girizilendigini, netijede syýahatçylaryň we gatnadyjylaryň köpüsini gaharlandyrandygyny belleýärler.
Şunuň bilen birlikde, Ispaniýanyň DIM-niň ýolbaşçysy ýurduň hem ispanlaryň özleri, hem syýahatçylar üçin howpsuzdygyna ynandyrýar.
COVID-19 bilen bagly çäklendirmeler aýrylandan soň, bu ýurtda keselleýänleriň sany artyp başlady. Käbir sebitlerde täze çäreler girizilýär, esasanam, örtük režimi hökmany edilýär. Keselleýän ýaş adamlaryň sanynyň artmagy aýratyn howsala döredýär diýip, BBC belleýär. Fransiýada, Germaniýada hem kesel sanynyň ösüşi hasaba alynýar.
Beýik Britaniýanyň özünde Ispaniýadan geleniňden soň karantini berjaý etmek talaby sebäpli bu ýurda gatnawlar hem ýatyrylýar. Ispaniýada häzirki günde 272 müň tassyklanylan kesel ýagdaýy bellige alyndy, wirusdan 28 400 töweregi adam ýogaldy.

düýn 09:50
4.3k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.1k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.8k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.6k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......