AŞTU müşderilerine internet we IPTV hyzmatlaryny öýden birikdirmek mümkinçiligini döretdi

  • 27.07.2020 00:45
  • 23k+

Aşgabat şäher telefon ulgamy  ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AŞTU) öz müşderilerine berýän hyzmatynyň hilini we elýeterliligini ýokarlandyrmak üçin alyp barýan işleriniň çäginde täze hyzmatlary ýola goýdy. 

AŞTU-nyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, mundan beýläk, onuň ulanyjylarynyň telefon belgilerine  internet we IPTV hyzmatlaryny birikdirmek üçin AŞTU şahamçalaryna ýüz tutmaklary zerur däl. Ýagny, my.agts.tv salgysynda her ulanyjy öz  şahsy otagyndan islän hyzmatlaryny birikdirip bilerler. Birikdirilen hyzmaty işletmek üçin gelen tehniki işgär hyzmatdan peýdalanmak üçin zerur bolan şertnamany alyp geler we şol ýerde gol çekiler. 

Şeýle hem, ulanylýan hyzmat bilen bagly näsazlyk ýa-da arz-şikaýat ýüze çykan ýagdaýynda my.agts.tv salgysynda öz şahsy otagynda ýerleşdirilen kömek merkezinden habarlaşmak mümkin. Görkezilen penjireden öz belgiňize birikdirilen hyzmat bilen bagly näsazlygy bildireniňizden soňra gysga wagtda tehniki topar siz bilen habarlaşar.

Ýokarda agzalan hyzmatlaryň iOS we Android enjamlar üçin taýýarlanan programmalarda hem gysga wagtda elýeterli etmek üçin tehniki işler ýerine ýetirilýär.

Galyberse-de,  ýakyn günlerde şahsy otagda we mobil enjamlar üçin niýetlenilen programmalarda telefon hyzmatlaryny dolandyrmak funksiýasy goşulypdy. Bu funksiýa arkaly ulanyjylar telefon belgilerine şäherara we döwletara jaňlary (8-lik we 10-lyk hyzmatlary) birikdirip bilerler. 

düýn 23:32
1.7k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:45
3.6k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.3k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

08.06.2026 16:17
2.6k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....