COVID-19-yň täze hukuk barlaghanasy döredildi

  • 26.07.2020 04:00
  • 15k+

BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem-de AIW/AIDS boýunça BMG-niň Birleşen maksatnamasy bilen bilelikde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan COVID-19 (COVID-19 Law Lab) hukuk barlaghanasy döredildi.

Şeýle başlangyç dünýäniň 190-dan gowrak ýurdundan kadalaşdyryjy-hukuk resminamalaryny ýygnamak we bilelikde ulanmak işini üpjün etmeklige gönükdirildi. Ol döwletlere pandemiýa bilen göreş üçin berk hukuk bazasyny döretmäge we işe girizmäge kömek eder.
COVID-19 hukuk barlaghanasy – bu ýurtlar tarapyndan pandemiýa garşy jogap hökmünde kabul edilen kanuny çäreleriň maglumatlar bazasy. Olaryň hatarynda izolýasiýa-karantin çäreleri, keseliň epidemiýa gözegçiligi we örtügi dakynmaklyga, sosial aradaşlyga hem-de derman serişdelerine we sanjymlara elýeterlilige degişli hukuk çäreleri bar.
Gowy oýlanylan kanunlar berk saglygy goraýyş ulgamyny döretmäge ýardam edýär, has sagdyn we howpsuz iş orunlaryny döretmek boýunça çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. Olar ýokanjyň epidemiki gözegçiligi we öňüni alyş çäginde BSGG-niň Halkara lukmançylyk-sanitar düzgünleriniň netijeli ýerine ýetirilmeginde hem möhüm ähmiýete eýe.

“Berk kadalaşdyryjy-hukuk binýady ýurtlarda COVID-19 bilen göreş üçin möhüm ähmiýete eýedir – diýip, BSGG-niň Baş müdiri Adhanom Gebreýesus belleýär. – Saglygy goramak işiniň hemmetaraplaýyn hereketi talap edýändigi üçin hukuk gurluşlary ilatyň saglygy üçin bar bolan we täze ýüze çykýan howplara garşy hereket etmek boýunça halkara borçnamalary bilen ylalaşykly bolmaly. Häzirki günde saglygy goraýyş pudagynda berk kanuny binýadyň döredilmegi örän möhüm ähmiýete eýe bolýar”.

Barlaghana COVID-19-a degişli bolan dürli hukuk gurluşlary boýunça ylmy barlaglaryň netijelerini hem özünde saklar.

düýn 15:19
5k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....

03.04.2026 21:00
3.1k+

Gazagystanda şu ýyl düwnük keseline garşy täze derman serişdesini hasaba almaga taýýarlanýarlar

Gazagystanly alymlar rak keseline garşy göreşýän DVC derman serişdesini işläp taýýarlamagy dowam etdirýär. Kliniki synaglaryň 2026-njy ýylda tamamlanmagyna garaşylýar, şondan soň ony hasaba almak üçin......

03.04.2026 20:56
9.3k+

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda iri şahly mallaryň iki sürüsinde agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ministrligine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar......

03.04.2026 12:06
3.9k+

Dünýädäki şäherleriň diňe 14%-i BSGG-nyň howanyň hil standartlaryna laýyk gelýär

Dünýädäki şäherleriň diňe 14% -i howasynyň hapalygynyň derejesi boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň görkezmelerine laýyk gelýär. Bu barada Şweýsariýanyň IQAir kompaniýasynyň ýyllyk hasabatynda......