Azerbaýjanyň umumy eksportynda Türkmenistanyň paýy artdy

  • 25.07.2020 23:16
  • 9.7k+

Azerbaýjanyň önümleriniň Türkmenistana eksporty şu ýylyň ilkinji alty aýynda 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17,9 göterim azaldy. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet gümrük gullugynyň statistik maglumatlaryna esaslanyp, Trend habar berýär.

Maglumatlara görä, 2020-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda azerbaýjan önümleriniň Türkmenistana eksporty 9,5 million dollar boldy, geçen ýylyň degişli döwründe bolsa bu görkeziji 11,2 million dollar bolupdy. Azerbaýjanyň umumy eksportynda Türkmenistanyň paýy 0,11 göterimden 0,12 göterime çenli ýokarlandy.
Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky daşary söwda amallary 58,634 million ABŞ dollaryna barabar boldy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,8 göterim pesdir.
Indi Türkmenistandan Azerbaýjana önümleriň importy hakynda: bu babatda görkezijiler 8,3 göterim azaltmak bilen, 49.087 million dollara barabar boldy. Azerbaýjanyň umumy importynda Türkmenistanyň paýy umumy mukdaryň 0,76 göteriminden 0.98 göterimine çenli ýokarlandy.
Hasabat döwründe iki ýurduň daşary söwda dolanyşygynyň balansy otrisatel bolup, 39.540 million dollar boldy.

2020-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Azerbaýjanyň daşary söwda dolanyşygy 12,67 milliard dollar boldy, bu 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 34,1 göterim azdyr. Daşary söwda dolanyşygynyň balansy ýyllyk esasda 10 göterim azaldy we 2,69 milliard dollara barabar boldy.

düýn 22:17
1.7k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.8k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
2.3k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 14:16
4.4k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....