Portugaliýada koronawirusy bitaraplaşdyrýan birinji örtügi döretdiler

  • 25.07.2020 22:41
  • 11k+

Lissabonda Molekulýar lukmançylyk instituty koronawirusy bitaraplaşdyrmaga ukyply bolan ilkinji gorag örtügini taýýarlandygyny mälim etdi. Bu barada “La Razon” gazetine salgylanyp, ТАSS ýetirýär.

Onuň maglumatlary boýunça, gürrüň ýokary täsirli köp gezeklik örtük barada gidýär. Institutda gorag serişdesiniň birnäçe dürli suw geçirmeýän gatdan ybarat bolan ýörite matanyň ulanylmagy bilen taýýarlanylandygy anyklaşdyryldy. Geçirilen synaglar önümiň koronawirus ýokanjyndan goranmakda täsirlidigini tassyklady.
“Maska SARS-CoV-2 wirusy mata bilen aragatnaşyga giren ýagdaýynda, ony bitaraplaşdyrýan innowasion örtüge eýe. Onuň täsirliligi mata 50 gezek ýuwlanda hem saklanýar” – diýip, institutda belleýärler.Portugaliýada koronawirus ýaýrap başlanyndan bäri 50 müň kesel ýagdaýy ýüze çykaryldy, 1 712 syrkaw ýogaldy. 35 müň töweregi adam sagaldy.

Öň, Nýu-Ýorkda Kolumbiýa uniwersitetiniň alymlarynyň koronawirusy bitaraplaşdyrmaga kömek etjek antibedenjiklerden garyndy taýýarlandyklary habar berildi.

düýn 14:50
1.7k+

Älem toruny öwrenjek dünýädäki iň uly teleskopyň gurluşygyna başlandy

Älemiň iň ägirt gurluşlarynyň biri bolan «älem toruny» (cosmic web) öwrenmek üçin niýetlenen MOTHRA teleskopynyň gurluşygyna başlandy. Bu enjam galaktikalaryň arasynda ýerleşýän we garaňky materiýanyň ýaýrawyny görkezýän gazyň örän gowşak şöhlelenmesini hasaba alar...

17.03.2026 20:58
5.4k+

Amerikaly alymlar 1993-nji ýyldan bäri saklanyp gelýän aşa ýokary geçirijilik rekordyny täzelediler

Hýuston uniwersitetiniň barlagçylary gaty jisimleriň fizikasy ugrunda täze üstünlik gazanandyklaryny mälim etdiler. Alymlar atmosfera basyşynda we minus 122 gradus Selsiý temperaturada elektrik toguny ýitgisiz geçirmäge ukyply bolan aşa ýokary geçiriji material döretdiler...

17.03.2026 16:47
802

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...

17.03.2026 16:06
2.8k+

Adamzat taryhynda iň gymmat tehnologiýa taslamalarynyň ady belli boldy

Her bir siwilizasiýa öz yzynda döwrüniň maddy subutnamalaryny galdyrýar. Häzirki zaman dünýäsinde iri inženerçilik we ylmy taslamalar şeýle simwollara öwrülýär. laryň köpüsiniň işlenip düzülmegi üçin onlarça ýyl gerek boldy we ägirt uly maliýe we tehnologik serişdeleri talap etdi...