Alymlar koronawirusa garşy has güýçli antibedenjikleriň toplumyny ýüze çykardylar

  • 24.07.2020 15:45
  • 16k+

Amerikan alymlary täze görnüşli koronawirusa garşy ýokanjyň başlangyç tapgyrlarynda näsagyň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga, şeýle hem keselleme howpunyň öňüni almaga ukyply bolan antibedenjikleriň toplumyny ýüze çykardylar. Degişli beýannama Nýu-Ýorkdaky Kolumbiýa uniwersitetiniň ýanyndaky Irwing lukmançylyk merkeziniň (CUIMC) saýtynda neşir edildi. Bu barada ТАSS habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, alymlar COVID-19 keselli birnäçe näsaglar bilen işlänlerinde, olaryň aýtmagyna görä, häzirki wagta çenli koronawirus bilen göreşde has täsirli bolan antibedenjikleri ýüze çykarmagy başardylar. 

“Biz agyr ýagdaýdaky näsaglar has uzak wagtyň dowamynda wirus bölejikleriniň aşa köp mukdarynyň täsirine sezewar bolup, öz gezeginde, bu olaryň immun ulgamynyň has güýçli jogap reaksiýasyny döretmegine mümkinçilik berdi diýip hasaplaýarys” — diýip, barlag işiniň ýolbaşçysy, Kolumbiýa uniwersitetiniň lukmançylyk professory Dewid Ho belleýär.

CUIMC hünärmenleriniň tassyklamagyna görä, derman senagaty kompaniýalary bu antibedenjikleri “köp mukdarda” derman görnüşinde öndürip biler. Alymlaryň tassyklamagyna görä, alnan dermany “näsaglary, esasanam, keseliň başlangyç tapgyryndaky näsaglary bejermek üçin” hem-de “keseliň öňüni almak, şol sanda garry adamlarda-da öňüni almak üçin” ulanyp bolar.

Şunuň bilen birlikde, alymlar antibedenjikleriň esasynda dermany döretmeklik sanjymyň ýa-da adaty dermanyň döredilmegine garanda az wagt alýandygyny belleýärler. Maglumatda häzirki wagta çenli antibedenjikleriň netijeliligi haýwanlarda geçirilen synaglar bilen tassyklanyldy. Bu synaglar mundan beýläk hem dowam eder. Soňlugy bilen synaglar adamlarda geçiriler.

şu gün 14:47
2.1k+

Bali adasynda howanyň iň howply derejesi yglan edildi

Indoneziýanyň Bali adasynda güýçli ýagyn sebäpli howanyň iň ýokary — «gyzyl» howp derejesi yglan edildi. Ýagyş eýýäm suw joşgunlaryna we süýşgünlere sebäp boldy diýip, Jakarta Globe neşiri Bali prowinsiýasynyň Meteorologiýa, klimatologiýa we geofizika agentligine salgylanyp habar berýär...

şu gün 10:49
6.4k+

Futbolçy meýdançada top degen çarlagyň ýüregini owkalap, onuň janyny halas etdi

Geçen ýekşenbe güni Stambulyň stadionynda çempionlyk titulyndan hem ähmiýetli bir waka ýüze çykdy. Birinji höwesjeňler ligasynyň finalynda «Istanbul Ýurdum Spor» we «Mewlanakapy Güzelhisar» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşykda uçup barýarka top degen çarlak halas edildi...

düýn 13:55
11k+

Güýçli gar sebäpli ABŞ-da adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda höküm sürýän syrgynly gar sebäpli 60 milliondan gowrak adam adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň täsir zolagyna düşdi. Bu barada Hill neşiri habar berýär. «Delawer, Massaçusets, Nýu-Ýork, Nýu-Jersi, Pensilwaniýa we Rod-Aýlend ştatlary adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan etdiler, bu bolsa 60 milliondan gowrak adama täsir etdi» diýlip, habarda aýdylýar...

22.02.2026 21:30
18k+

Britaniýaly zenan «dünýäniň iň baý adamy» boldy, ýöne puluny diňe kofe bilen kruassana sowup bilýär

Nottingem şäheriniň ýaşaýjysy Sofi Dauning garaşylmadyk ýagdaýda dünýäniň iň baý adamy boldy — iň bolmanda hasap ýüzünde. Ýöne ol puluny diňe kofehanada sarp edip bilýär diýip, The Mirror neşiri onuň gabat gelen ýagdaýyny beýan edýär...