Dalaşgärler synaglary agyz-burun örtükli we gorag ellikli tabşyrýarlar

  • 25.07.2020 14:06
  • 23k+

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine girmek üçin synag tabşyrýan dalaşgärlere täze düzgünler girizildi, ýagny dalaşgärler şahsy gorag serişdelerini ulanmaly we sosial aradaşlygy berjaý etmeli. Synag tabşyrylýan bina girelgede dalaşgärleriň beden temperaturalary ölçenilýär hem-de elleriniň zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär.

Bu hili öňüni alyş çäreleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ähli tekliplerini nazara alýan, täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek boýunça ýurdumyzyň meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde kabul edildi.

Dalaşgärler hem-de mugallymlar bu täze düzgünleri kanagatlanmak bilen kabul etdiler. Çünki tutuş adamzat bu günki gün saglyga hem-de keselleriň, aýratyn hem, ýokanç keselleriň öňüni almaklyga çynlakaý üns berýär. Türkmenistan tarapyndan kabul edilen çäreler bolsa, dünýäde ýaýran koronawirus pandemiýasynyň täsirlerine doly taýýar bolmaga ýardam edýär.

Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediş möwsüminiň möhleti 21-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu bolsa, sosial aradaşlygy berjaý etmek üçin giriş synaglaryny has az sanly adamlar bilen geçirmäge mümkinçilik berdi.

Şeýle hem giriş synaglary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçirilýär. 

şu gün 18:58
836

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

düýn 14:31
4.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......

düýn 01:15
4.1k+

Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň uniwersitetleri iň gowularyň reýtinginde orunlaryny güýçlendirdi

Britaniýanyň Quacquarelli Symonds (QS) kompaniýasy dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň QS World University Rankings 2027 reýtingini neşir etdi. Sanawda öňdebaryjy orunlary öňküsi ýaly ABŞ-nyň we Beýik......

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......