Dünýäde koronawirusdan kesellänleriň sany 15 milliondan geçdi

  • 24.07.2020 15:00
  • 14k+

Dünýäde täze görnüşli koronawirus bilen keselleme ýagdaýy 15 milliondan geçdi. Muny halkara guramalaryň, federal we ýerli hökümetleriň maglumatlary esasynda hasap çykarýan Jons Hopkins amerikan uniwersitetiniň maglumatlary delillendirýär. Bu barada TASS habar berýär.

Guramanyň maglumatlary boýunça, koronawirus bilen 15 000 424 adam keselledi, olardan 617 832 adam ýogaldy. Ýüze çykarylan kesel ýagdaýlarynyň köpüsi (3 915 780) ABŞ-a degişli, onuň yzyndan Braziliýa (2 159 654) we Hindistan (1 193 078) gelýär.
Russiýa bellige alnan kesel ýagdaýlary boýunça dördünji orny eýeleýär. Koronawirus bilen göreş boýunça federal operatiw ştabyň maglumatlary boýunça, RF-de 789 190 kesel ýagdaýy bellige alyndy, 572 053 adam sagaldy, 12 745 adam ýogaldy.
Ähli amerikan ştatlarynyň arasynda ýüze çykarylan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça Kaliforniýa birinji orna çykýar. Hünärmenleriň hasaplamasy boýunça, soňky hepdäniň içinde Kaliforniýada kesellileriň sany ortaça bir gije-gündizde 9 müň san ýokarlandy. Häzirki wagta çenli olaryň umumy sany 409 382-ä barabar. Birnäçe aýyň dowamynda kesellileriň sany boýunça birinji orny eýelän Nýu-Ýork ştatynda tassyklanylan koronawirus keselli 408 886 adam hasaba alynýar.

düýn 18:05
2.3k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.5k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......