Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana COVID-19 testlerini we lukmançylyk gorag serişdelerini iberer

  • 23.07.2020 16:51
  • 30k+

Ýewropa Bileleşigi 15-nji iýulda başlan «Merkezi Aziýa ýurtlarynda COVID-19: krizise garşy göreş» Maksatnamasynyň (CACCR) çäklerinde Türkmenistana COVID-19 üçin kislorod generatorlaryny, şahsy gorag serişdelerini we testleri iberer. Bu barada 21-nji iýulda ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Metbugat we maglumat bölüminiň metbugat beýanatyna salgylanyp Arzuw News habar berýär.

— Häzirki wagtda zerur dermanlary we enjamlary üpjün etmekden başga-da, CACCR maksatnamasy Türkmenistandaky barlaghanalara we hassahanalara geljekde ýüze çykyp biljek şeýle pandemiýalara garşy has gowy taýýarlanmaga kömek eder – diýip, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Diýego Ruiz Alonso belleýär.

Türkmenistany, Gazagystany we Gyrgyzystany öz içine alýan 3 million ýewrolyk CACCR maksatnamasy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň üsti bilen durmuşa geçiriler. «Tengrinews»-iň Gazagystanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berşi ýaly, 3 million ýewronyň 1,6 milliony Gazagystana iberiler.
CACCR, Türkmenistandaky hassahanalaryň taýýarlygyny we zerurlyklaryny seljerer we BSGG-niň görkezmeleriniň çäginde her hassahana üçin iş meýilnamasyny taýýarlar. Metbugat beýanatynda bu maksatnamanyň Türkmenistanda saglyk işgärleri üçin düýpli epidemiologik tälimi üpjün etjekdigi aýdylýar.
Bu maksatnama sebitdäki saglygy goraýyş işgärlerini jemi 400,000 şahsy gorag serişdeleri we COVID-19 üçin 1000 anyklaýyş synag testleri bilen üpjün eder.

26.02.2026 12:35
4.7k+

Pes yşyklandyryşda görejiň kiçelmegi köpçülikleýin şowakörlüge getirýär

​XXI asyrda şowakörlügiň köpçülikleýin ýaýramagyny şu wagta çenli köpler ekrana seredilýän wagtyň artmagy — ilki kompýuterler, soňra bolsa smartfonlar we planşetler bilen baglanyşdyrýardylar. Emma täze ylmy barlaglar bu aýdylanlara garşy çykyp, meseläni adamlaryň ýaşaýan ýapyk binalaryna mahsus bolan pes yşyklandyryş şertlerinde gözüň dowamly dartylmagy bilen baglanyşdyrýarlar...

23.02.2026 18:12
5.5k+

Barlagçylar ýetginjekleriň was-waslygyny süýji içgilerden görýärler

Düzüminde şekeriň mukdary ýokary bolan içgiler bilen ýetginjeklerdäki was-waslyk alamatlarynyň arasynda arabaglanyşyk bar. Muny Bornmut uniwersitetiniň we Beýrutdaky Liwan amerikan uniwersitetiniň alymy doktor Karim Halediň ýolbaşçylygyndaky täze barlag ýüze çykardy diýip, Medical Xpress žurnaly habar berýär...

22.02.2026 17:06
2.2k+

Ýaponiýada Parkinson keselini bejerýän ilkinji derman bölekleýin tassyklanyldy

Ýaponiýada Parkinson keselini bejermek üçin induksirlenen plýuripotent sütün öýjükleri (iPS-öýjükleri) esasynda işlenip düzülen derman serişdesini ulanmaga bölekleýin rugsat berildi. Bu barada Kioto uniwersitetiniň ýanyndaky iPS-öýjüklerini barlamak we ulanmak instituty habar berdi...

18.02.2026 15:44
2.7k+

Rumyniýada derman serişdelerine durnukly 5 müňýyllyk bakteriýa tapyldy

Rumyn alymlary Skerişoara gowagyndan häzirkizaman antibiotiklerine durnukly bolan gadymy bakteriýa ştammyny tapdy. Bu tapyndy barada «Frontiers in Microbiology» ylmy žurnalynda habar berilýär. Psychrobacter SC65A...