Türkmen-eýran serhediniň Sarahs stansiýasyndan her günde geçýän wagonlaryň sany ýüzden geçdi

  • 23.07.2020 17:03
  • 38k+

Türkmenistan bilen Eýranyň serhedindäki Sarahs demir ýol menzilinden her günde ýüz töweregi dürli wagon gelip-geçýär. Bu barada ORIENT agentligi habar berýär.

Gubernator Muhammet Reza Rajabi Mogaddam ISNA habarlar agentligine beren interwýusynda şeýle belleýär: «Iki ýurduň tagallalary netijesinde, Sarahs (Türkmenistan) serhedinde ýük wagonlarynyň gündelik üstaşyr geçişine mukdar çäklendirmesi aýryldy. Sarahs serhet bölüminde dezinfeksiýa tunelleri döredildi. Eýrandan Türkmenistana eksport edilýän harytlaryň köpüsi – gurluşyk materiallary we oba hojalyk önümleri».

Eýran Türkmenistan üçin ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda möhüm ähmiýete eýe bolan, bilelikde onlarça iri taslama durmuşa geçirilen ýa-da durmuşa geçirilýän iň uly ykdysady hyzmatdaşlardan biridir.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......