Ispaniýa ösýän ýurtlara COVID-19-a garşy göreşmek üçin 1,7 milliard ýewro bölüp berer

  • 22.07.2020 14:03
  • 15k+

Ispaniýa ýakyn iki ýylda koronawirus epidemiýasyna garşy göreşmek üçin has zerurlyk çekýän ýurtlara 1,7 milliard ýewro bölüp berer. Bu barada ýurduň daşary işler ministri Arança Gonzalez Laýýanyň berýän maglumatyna salgylanyp, Ria Nowosti habarlar agentligi habar berýär.

Ministrler Geňeşi sişenbe güni geçirilen mejlisinde ösýän ýurtlara kömek strategiýasyny tassyklady.
«Ispaniýa ösýän ýurtlara, esasan-da, Ispaniýanyň öňünde aýratyn borçnamalary bolan sebitlere raýdaşlyk görkezse adalatly bolar» – diýip, ýurduň daşary işler ministri belleýär. Kömegiň esasy böleginiň Latyn Amerikasy ýurtlaryna berilmegine garaşylýar.
«Biz üç sany ileri tutulýan ugry saýladyk: ýaranlarymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny berkitmek (400 million ýewro), krizisiň adamlara edýän täsirini azaltmak (500 million) we ykdysady dikelişe kömek etmek (700 million)» - diýip, Laýýa belleýär. Migrantlara, bosgunlara we mejbury göçürilenlere 67,9 million bölünip berler. 318 million – donorlyk kömegine, 1,355 milliard – öwezini dolma maliýe kömegine gönükdiriler.
Mundan başga-da, Ispaniýa has mätäç sebitlere keseli anyklamak üçin sanitariýa serişdelerini, halas ediş enjamlaryny we keseli ýüze çykarmak üçin maglumatlary ýygnamaga niýetlenen tehnologiýalaryny iberer.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.3k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......