Türkmenbaşy bilen Baku uly ýük göteriji ulag serişdeleriniň gatnawyny artdyrdy

  • 22.07.2020 23:01
  • 22k+

Uly ýük göteriji ulag serişdeleriniň “Bakuwyň halkara deňiz söwda porty” ÝGPJ arkaly geçirilmegi şu ýylyň 6 aýynda 14,4%, ýagny 17 173-e çenli ýokarlandy. Bu barada Baku portuna salgylanmak bilen azerbaýjan KHBS-i habar berýär.

“Olardan 11 776 sanysy (68,6%) Baku — Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça, 5 397 sanysy (31,4%) Baku — Kuryk — Baku ugry boýunça iberildi” diýlip, habarda bellenilýär.
KHBS “Bakuwyň halkara deňiz söwda porty” ÝGPJ-niň ýük geçiriji göwrüminiň şu ýylyň 6 aýynyň içinde 2 mln 524,8 müň tonna barabar bolandygyny we onuň 2019-njy ýylyň degişli döwri (1 mln 981,2 müň tonna) bilen deňeşdirilende 27% köpdügini belleýärler.
Göni äkidilýän ýükleriň paýyna 2 mln 192,8 müň tonna ýa-da umumy ýük geçirijiligiň 87%-i degişli boldy. Gury ýükleriň geçirijiligi 5 esse ýokarlanyp, 401 müň tonna barabar boldy.
Eger-de ýükleri daşama pandemiýa garamazdan ýokarlansa, onda ýolagçy gatnawlary azalýar. Ýagny, Baku portunyň hyzmatlaryndan birinji ýarymýylyň içinde 13 776 ýolagçy peýdalandy, bu bolsa 2019-njy ýylyň degişli görkezijisinden 31% azdyr.

düýn 19:17
3.7k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......

düýn 17:31
1.9k+

Astanada «RES 2026 EXPO» halkara sergisi öz işine başlady

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Gazagystanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammiti öz işine başlady. Bu sammitiň çäklerinde Astananyň «EXPO»......

düýn 14:43
6.3k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......

düýn 11:57
5k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň......